Sepleriň elýeterliligi

Belarusdaky protestlerde onlarça adam tussag edildi


Belarusyň paýtagty Minskide we beýleki şäherlerde hökümete garşy protestlere gatnaşandyklary üçin, onlarça adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Bu protest bir internet toparynyň “Sosial aragatnaşyk arkaly rewolýusiýa” diýip atlandyran çagyryşy esasynda geçirildi. Munuň bilen baglylykda, soňky hepdeleriň dowamynda çarşenbe günleri protestler geçirilýär.

Berilýän maglumata görä, raýat eşigindäki polisiýa işgärleri ýurduň dürli künjekleriniň merkezi meýdançalaryna ýygnanyp, protestler başlamazdan ozal demonstrantlary tussag edip başlapdyrlar.

Belarusda adam hukuklaryny goraýan “Wesna” toparynyň aýtmagyna görä, ýörişler geçirilmezden ozal internetdäki sosial aragatnaşyklar hem petiklenipdir.
XS
SM
MD
LG