Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“News Corporation” “BSkyB” telekanalyny satyn alanok


Rupert Murdogyň eýeçiligindäki “News Corporation” kompaniýasy Britaniýanyň “BSkyB” sputnik telekanalyny satyn almakdan ýüz öwürdi.

Bu çäre britan kanun çykaryjylarynyň basyşy esasynda edildi. Häzir Murdoga degişli neşirleriň biriniň telefon hakerligi bilen bagly galmagal artýar.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron “News Corporation” kompaniýasynyň gelen netijesini goldap çykyş etdi.

Amerikanyň belli media kompaniýalary, şol sanda “The Wall Street Journal”, “The New York Post”, we “Fox Broadcasting” ýaly läheňler hem “News Corporation” kompaniýasynyň eýeçiliginde.
XS
SM
MD
LG