Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat ýaşaýşyň gymmatlygy boýunça 206-njy orunda


Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat 206-njy orunda.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat 206-njy orunda.
12-nji iýulda “Mercer Consulting” guramasy 2011-nji ýyl boýunça dünýäde ýaşaýşyň bahasyny kesgitleýän hasabatyny ýaýratdy. Dünýäniň 214 şäherini öz içine alýan bu hasabatda şäherlerdäki ýaşaýyş derejeleriniň arasynda deňeşdirme geçirilýär.

Hasabatda syn edilýän şäherleriň ählisi Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäheri bilen deňeşdirilýär. Nýu-Ýork 32-nji orunda durýar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Mercer Consulting” guramasynyň bu hasabatynda berilýän bahalar soňky 12 aýyň dowamynda ýurtlaryň milli walýutalarynyň dollara bolan gatnaşygynda we nyrhlarda emele gelen üýtgeşikliklere esaslanýar.

Hasabata görä, dünýä şäherleriniň iň gymmat ýaşaýyşly bäşligi Angolanyň paýtagty Luandadan başlanýar, onuň yzyndan Ýaponiýanyň paýtagty Tokio we Çadyň paýtagty N’Jamena gelýär. Orsýetiň paýtagty Moskwa ýaşaýşyň gymmatlygy boýunça dördünji ýerde, emma Sankt-Peterburg şäheri 29-njy orunda.

Merkezi Aziýa regionynda iň gymmat ýaşaýyş Gazagystanyň Almata şäherinde, ol hasabatda 80-nji ýerde ýerleşýär. Ondan soň Özbegistanyň paýtagty Daşkent - 179-njy ýerde. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat 206-njy orunda. Hasabata görä, region boýunça ýaşaýyş üçin iň arzan şäher Gyrgyzstanyň paýtagty Bişkek, ol 210-njy ýerde.

Berlen baha nämä esaslanýar?

Dünýädäki ýagdaýlaryň, şol sanda tebigy betbagytçylyklaryň we syýasy agdarylyşyklaryň walýutalar arasyndaky gatnaşyklara, milli puluň hümmetine we harytlaryň hem hyzmatlaryň bahasynyň üýtgemegine täsir ýetirip, köp şäherleriň görkezijileriniň geçen ýylkysyndan üýtgemegine getirenligi hasabatda bellenýär.

214 şäheri öz içine alýan hasabatda şäherlere ýaşaýşyň nyrhyny emele getirýän 200 punktdan ybarat çykdajylar nukdaýnazaryndan baha berilýär. Ýaşaýyş jaýy, transport, azyk, geýim, hojalyk goşlary we dynç alyşdyr-tomaşa üçin çykdajylar göz öňünde tutulýar.

“Mercer Consulting” guramasynyň hasabaty dünýäde ýaşaýyş derejesini kesgitleýji iň giňişleýin syn bolup durýar. Bu hasabat köpmilletli kompaniýalara we hökümetlere olaryň daşary ýurtlarda işleýän işgärleriniň zähmet hakyny kesgitlemäge ýardam bermek üçin işlenip düzülipdi.

Walýutalaryň arasyndaky tapawutlar dollar esasynda hasaplanýar. Ýaşaýyş jaý meselesi öz ýurdunyň daşynda ýaşaýanlar üçin iň uly çykdajy bolup durýar. Şäherlerdäki ýaşaýşyň derejesine baha berlende jaýyň bahasy uly rol oýnaýar.

“Mercer Consulting” guramasynyň 2011-nji ýyl boýunça hasabatyna görä, dünýäniň ýaşaýyş üçin iň arzan ýurdy Pakistan bolup durýar. 214 ýurdy öz üçine alýan sanawda Pakistanyň paýtagty Islamabad 209-njy ýerde, Karaçi şäheri bolsa 214-nji ýerde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG