Sepleriň elýeterliligi

Abadandaky ammarda nähili ýaraglar, ok-däri saklanýardy?


Akdepe harby-howa bazasyndaky harby türgenleşik mahalynda, 2010-njy ýylyň iýul aýy.

Akdepe harby-howa bazasyndaky harby türgenleşik mahalynda, 2010-njy ýylyň iýul aýy.

Abadan, öňki ady Büzmeýin, şäherinde bolan partlama, bu ýerde ýerleşýän ýarag ammary, onda saklanýan harby arsenal, bolmagy mümkin agyr netijeler, partlamanyň sebäbi barasynda Türkmenistanyň harby-howa güýçleriniň öňki ofiseri Dmitriý bilen geçirilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi geçiren Nazar Hudaýberdi.

Azatlyk Radiosy: Abadandaky ýarag ammary nähili sklad?

Dmitriý: Ol sowet döwründen galan ýarag ammary. Ol ýerde artilleriýa ýaraglary saklanýar. Harby awiasiýanyň ýaraglarynyň bir bölegi-de şu ammarda saklanýar. Ol Akdepeden üç kilometr demirgazykda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosy: Şol ammarda nähili ýaraglar, ok-däri saklanýardy?

Dmitriý: Men anyk aýdyp biljek däl. Şol ammara girip göremok. Ýöne umumy ýagdaýa syn edeliň. Akdepedäki meniň gulluk eden aerodromym SSSR-iň howa hüjümlerinden goranmak boýunça bazasydy. Şoňa görä, ýarag ammarynda awiasiýa artilleriýasynyň arsenaly - “howa-howa” klasly raketalar, eger SSSR-iň örän güýçli awiasiýa toparynyň Türkmenistanda ýerleşendigini göz öňünde tutsak, ol ýerde diňe bir harby awiasiýanyň howadan goranyş ýaraglary däl, fugas awiabombalary, garşydaşyň islendik hüjümini ýoga çykarýan başga-da dürli güýçli ýaraglar bolup biler.

Maňa gürrüň berişlerine görä, soňky döwürde ol ýerde diňe bir awiasiýa degişli ok-ýaraglar däl, granatomýotyň oklary, “Grad” kysymly raketalar hem saklanýar.

Soňky döwürde Türkmenistanda bu ugurdan spesialistler ýok. Şonuň üçin şol ammarlarda pomidoram saklap bilerler.

Azatlyk Radiosy: Sanalan ýaraglar, ok-däriler partlan halatynda, onuň getirjek soky netijeleri nähili bolup biler?

Dmitriý: Awiasiýa ýargalaryndan “howa-howa” raketasy, bölek-bölek bolup pytraýan raketa uçup barýan uçara golaý baranda ýarylyp, oskoloklary bilen nyşanany ýok edýär. Şol bölekler 250-300 metr aralykdaky nyşanany kül edýär. Juda ýakymsyz ýarag. Eger onuň hereketlendirijisi işläp, raketalar dürli tarapa uçsa, onuň getirjek betbagçylygy gaty uly bolar. Onda ol onlarça kilometre ýetip biler.

Eger awiasiýanyň 500 kilogramlyk fugas bombasy partlasa, ol zarbaly tolkuny bilen 500 metr töwereginde bolan janly zatlaryň ählisini ýok edip biler.

Azatlyk Radiosy: Siz Akdepedäki harby howa bazasy barasynda aýtdyňyz. Türkmenistanda ýene nähili bazalar, aerodromlar bar?

Dmitriý: Eger Akdepe barasynda aýdylsa, ol howadan goranyş boýunça awiasiýanyň ýöriteleşdirilen aerodromydy. Şol ýerde serhet goşunlarynyň awiasiýasy-da bardy. Mig-25, Mig-23, Mig-28 uçarlary hem serhet goşunlarynyň dikuçarlary Akdepede we Aşgabat aeroportunda durýardy. Maryda uzaga gidýän strategik awiasiýa, uruş awiasiýasy bardy.

Azatlyk Radiosy: SSSR dargandan soň, şol tehnikanyň ykbaly nähili boldy?

Dmitriý: Hemmesini taşlap gitdiler, baram çüýredi. Şu günki gün Türkmenistanda birnäçe (5 ýa 7 sany bolsa gerek) hüjüm ediji “Su-25 Graç” uçary, 7 sanam Su-27 bar. Bolany. Häzir uçup bilýänlerine-de ukrain tehnikleri serenjam berýärler.

Azatlyk Radiosy: Şol uçarlardan ýok edileni, hatardan çykarylany barmy?

Dmitriý: Uçarlaryň hasapdan çykarylany ýok. “Google” kartasyndan Mary aerodromyna seredip görüň, uçarlar çüýräp ýatyr.

Azatlyk Radiosy: Abadanyň ýarag ammaryna dolanalyň. Bu ýerdäki harby arsenaldan ýok edileni, zyýansyzlandyrylany barmy?

Dmitriý: Ok-därileri, ýaraglary ýok edýän spesialistler Türkmenistanda ýok. Olary ýok etmek ýörite, aýratyn bir proses. Ok-därini alagada partladyp bolmaýar. Munuň üçin ýörite okadylan, onuň tehnologiýasyny bilýän spesialistler gerek.

Azatlyk Radiosy: Abadanyň köçelerinde ýarylman ýatan snarýadlaryň, ululy-kiçili raketalaryň suratlary, habarlar internetde peýda boldy.

Dmitriý: Awiabombalar olaryň partladyjylary bilen bilelikde bir ammarda saklanmaýar. Olaryň hersi aýratyn ýerde saklanýar. Şonuň üçinem partlama bolanda, zarbaly tolkun bombadyr raketalary üç kilometre çenli alyp gidipdir.

Azatlyk Radiosy: Adam pidalary barasynda dürli maglumatlar bar. Häkimiýetler 15 adamyň heläk bolandygyny aýdýar. Müňden gowrak adamyň ölendigini tassyklaýan çeşmelerem bar. Bu barasynda siziň pikiriňiz?

Dmitriý: Karta seretmegem ýeterlik. 400 metr daşlykda çagalar bagy we mekdep ýerleşýär. Partlamada şolara zeper ýetendir. Habar berişlerine görä, partlama sagat 16-da bolupdyr. Şol wagt çagalar bagynda körpeler, olaryň terbiýeçileri bolaýmaly. Onuň ýanynda ýaşaýyş jaýlaram bar. Biz weýran bolan jaýlaryň suratlaryny gördük. Eger pirotehnika partlan bolsa, beýle weýrançylyklar bolmazdy. Partlama gowşak bolanda-da beýle ýagdaý bolmaly däl.

Azatlyk Radiosy: Türkmen häkimiýetleri ilki pirotehnikanyň partlandygyny, soň jangynyň ýarag ammaryna geçendigini öňe sürýär. Siziň pikiriňiz?

Dmitriý: Bu aýdylýan hakykata çalym edýär. Türkmenistanyň özünde pirotehnika zawody ýok. Dabaralar üçin häkimiýetler ony başga ýurtlardan satyn alýar. Pirotehnikanyň bolmalysy ýaly saklanmandygyny, ony ýarag skladynyň golaýynda basylyp goýlandygyny, hatda üstüni brezent bilenem örtmändiklerini aýdýarlar. Şeýle şertlerde yssydan pirotehnikanyň partlamagy bolup biljek ýagdaý. Mundan başga şeýle partlamanyň ýarag ammarynda-da bolmagy geň däl. Çünki ammarda belli bir ýylylyk derejesini, çyglylygy saklaýan, oňa berk gözegçilik edýän spesialistler ýok.

Azatlyk Radiosy: Ýarag skladynda harbylaryň ölendigi barasynda aýdýarlar. Ammarda harbylar näçeräk bolmaly?

Dmitriý: Adatça, köp bolmaly däl, garawul hem dürli spesialistler bolmaly. Türkmenistanda harby gullukçylar işçi güýji. Belki, nagym gazmak üçin bir rota esgeri şol ýere sürüp getirendirler.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin türkmen häkimiýetleri bolan waka baradaky hakykaty ýaşyrmaga çalyşýar we heläkçiligiň netijelerini tiz aradan aýyrmak üçin şeýle ýagdaýlarda nähili hereketler edilmeli?

Dmitriý: Bu iş üçin Türkmenistanda tehniki usullar hem kärini bilýän spesialistler ýok ýa ýeterlik däl. Edilmeli iş - goňşy ýurtlara ýüz tutmalydy. Ýöne türkmen häkimiýetleri dymýar, bu bir tapmaça. Bu hereket hiç bir heňe gelmeýär. Olar – döwlet baştutany hem hökümet dymmak bilen jemgyýetçiligi öz garşysyna goýýarlar.
XS
SM
MD
LG