Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kandagardaky metjitde bomba partlamasy amala aşyryldy


Şu gün Owganystanyň Kandagar şäherindäki bir metjitde prezident Hamid Karzaýyň janyna kast edilip öldürilen inisiniň hatyrasyna doga okaýyşlyk geçirilýärkä, ol ýerde bomba partlamasy amala aşyryldy.

Wakada azyndan 4 adamyň ölüp, 13 adamyň hem ýaralanandygy barada maglumat alyndy. Ölenleriň arasynda bu namaza ymamlyk eden, Kandagardaky din alymlarynyň geňeşiniň başlygy Mewlewi Hikmetullah Hekmatyň hem bardygy aýdylýar.

Maglumata görä, partlamanyň bolan wagty metjitdäki adamlaryň arasynda ýurduň hökümetiniň hem käbir resmileri bar eken. Olardan haýsydyr biriniň bu wakada ejir çekendigi barada maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG