Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda BBC-niň žurnalisti azatlyga çykaryldy


Şu gün Täjigistanyň baş prokurory Şertkhon Salimzoda özüniň ýakynda tussag edilen BBC media kompaniýasynyň žurnalistiniň azatlyga goýberilmelidigi barada karar çykarandygyny mälim etdi.

BBC-niň habarçysy Urunboý Usmonow geçen aý gadagan wdilen «Hizb-ut-Tahrir» guramasyna agzalykda aýyplanylyp tussag edilipdi.

Maglumata görä, ýurduň prokuraturasy ony diňe girew esasynda azatlyga goýberip, oňa bildirilýän aýyplamalary heniz ýatyrmandyr. Usmonowyň kärdeşleri oňa bildirilýän aýyplamalaryň ýalňyşlykdygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG