Sepleriň elýeterliligi

ABŞ bilen Orýsetiň arasynda möhüm ylalaşyklara gol çekildi


Şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Waşingtona edýän resmi saparynyň barşynda Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryna degişli birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi.

Gol çekilen ylalaşyklaryň hatarynda ýadro ýarag meselesi, wiza meselesi we çagalary ogullyga bermek meselesi ýaly birnäçe meseleleri öz içine alýan ylalaşyklar bar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton özara gepleşikleriň yzy bilen eden çykyşlarynda ýaraglary azaltmak boýunça göz öňünde tutulýan esasy ylalaşyklar boýunça-da möhüm öňegidişlikleriň bolandygyny bellediler.
XS
SM
MD
LG