Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Halkara hukuk guramalary ors hökümetini tankyt etdi


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň birnäçesi öz ýaýradan beýanatlarynda Orsýetiň häkimiýetlerini orsýetli aktiwist Nataliýa Estemirowanyň ölümi bilen baglanyşykly wakalary derňemekde çynlakaý ädimleri ätmeýänlikde tankyt etdiler.

«Amnesty International», «Human Rights Watch», «Norwegiýanyň Helsinki Komiteti», «Civil Rights Defenders» we «Front Line Defenders» guramalary öz ýaýradan beýanatlarynda Nataliýa Estemirowanyň öldürilmegi boýunça çynlkaý derňewleriň ýola goýulmagyna çagyryş edipdirler.

Dogry iki ýyl mundan ozal ynsan hukuklaryny goraýjy belli aktiwist Nataliýa Estemirowa näbelli adamlar tarapyndan Çeçenistanda öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG