Sepleriň elýeterliligi

Ruhy sarsgyna düşenlere hemaýat etmeli


Abadan şäheri, 9-njy iýul.

Abadan şäheri, 9-njy iýul.

Abadan şäherini alkymlap oturan harby polkuň ýarag ammarynda 7-nji iýulda bolan partlamada adam pidalary, weýrançylyk azaldylyp görkezilse-de, türkmen hökümeti ol partlamada adam pidasynyňam, weýrançylygyňam bolandygyny boýun aldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow partlamada zyýan çekenlere ähli tarapdan kömek beriljekdigine söz berdi. Şonuň üçin Abadan şäherinde dikeldiş işleri haýalrak barýan-da bolsa, partlamanyň weýrançylygy döwlet derejesinde ykrar edilensoň, jaýlary, öýleri, emläkleri weýran bolan ýa-da şol hadysa sebäpli uly zyýan çeken hojalyklara belli bir ýardamyň ediljekdigine şübhelenmeýärin.

Ýöne partlama netijesinde ruhy sarsgyna sezewar bolan adamlara hemaýat etmek hakynda häzir gürrüň edilenok. Ilki bilen ýarag ammarynda bolan partlama gündiz bolansoň, işleýänler işde, işlemeýän bolsa hem, uly adamlar hojalyk aladasy bilen, garaz öýünde däl ekeni. Şonuň üçin ýarag ammaryndaky partlamany ilkinji görenler, esasan, kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekler, çagalar bolupdyr.

Haýran galmak bilen öz ýanlarynda tüsseläp duran oda tomaşa edip duran ýetginjekleriň, çagalaryň, adamlaryň töwerek-daşyna birdenem snarýad, ok düşüp başlapdyr. Ine, şondan soň "tomaşaçylar" bu oduň nämedigine doly göz ýetirmeselerem, ony äsgermezçilik etseň, ajal bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň daş däldigine düşünip, gaçyp başlapdyrlar. Özem her kim nirä tarap gaçýandygyny-da bilmän gaçypdyr.

Abadan şäherinde ýaşaýan alty ýaşly Sona ody görüp, üç ýaşly jigisiniň elinden tutup gaçyp başlapdyr, ýöne jigisi «ejeme gitjek» diýip, sakga durandan soň, Sonajyk gizlenmäge bir buky ýer tapaýyn diýip, elli metr ýöräp, yzyna seredende üç ýaşly jigisiniň üstüne göni bir snarýadyň düşenine özi şaýat bolupdyr. Kellesi, göwresi, aýaklary bir tarapa zyňlyp, üç bölünen jigisiniň synalarynyň arasynda elewräp aglaýan alty ýaşlyja gyzyň şol wagky ýagdaýyny göz öňüne getirip görüň.

Häzir alty ýaşly Sonajygyň dilsiz-agyzsyz huşuna gelmän ýatandygyny aýdýarlar. Gaçyp barýarkalar edil öňüne ýa gapdalyna snarýad düşüp, bölek-bölek bolup ölenleri, maýyp-müjrüp bolanlary görenler barmak büküp sanardan köp. Ynha, bu günki gün şolaryň haly teň.

Psihologlara zerurlyk

«Men Gökdepede işleýärin, birden Abadan GRES-imiziň alkymyndaky harby polkuň ýarag ammarynyň partlamasy netijesinde snarýad, ok-däri ýagyp başlandygyny aýtdylar. Men öýde ysmaz bolup ýatan ejemi, dört sany çagamy, bazarda gara günümiz üçin söwda edýän aýalymy halas etmegiň hatyrasyna, sagat bäşden işlände işden çykyp, Abadana — öýe çenli «žiguli» maşynymyň badyny sagatda 120 kilometrden pese düşürmän geldim. Gelsem, ejem ýatan ekeni, çagalarymyň hiç haýsynam tapmadym, aýalymam edil şol wagt geldi, biz ýagyp duran okuň içinden geçip, nirä gidýänimizi-de bilmän ugradyk. Ýöne biz bagtly ekenik, çagalarymyň ikisini keselhanadan, beýleki iki kiçisini hem paýtagtymyzyň bir çagalar bagyndan tapdym» diýip, özüni Myrat diýip tanadan raýatymyz meniň bilen söhbetdeş bolanda gürrüň berdi.

Myradyň tassyklamagyna görä, bir sutkalap çagalaryny tapmansoň, aýaly gaty gorkupdyr, çagalarynyňam haly teň. Umuman, partlamanyň 10 kilometr töwerek-daşynda ýaşaýan raýatlarymyzyň hemmesem ruhy sarsgyna düşenler, olara tizden-tiz ruhy ýardam etmeli. Emma bizde ruhy sarsgyna sezewar bolanlara ýardam berip biljek psihologlar ýok diýerlikdir.

Ýarag ammarynda partlama bolan gününiň gijesi şol töwerekde gulluk edýän esgerleriň uly bölegini ýolda-yzda aradan çykanlary, maýyp-müjrüp bolanlary çöplemäge çekipdirler. Şeýlelikde, gören zatlaryna ýüregi tap getirmän, gören wakasyndan soň, özüni alyp bilmän ýören esgerleriňem bardygy aýdylýar. Partlama netijesinde ýakynyny, ogul-gyzyny aldyran hojalyklaram tizden-tiz ruhy goldawa matäç bolup dur.

Elbetde, Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, ylymda-bilimde hem oňyn özgerişlikleriň edilendigini bellemek gerek. Ýöne henize çenli ýurdumyzda psihologlaryň, psiholog wraçlaryň ýiti ýetmezçilik edýändigini-de aýtmalydyrys. Abadan wakasy olaryň zerurlygyny hasam ýüze çykardy. Şonuň üçin ylym-bilim pudagynyň ýolbaşçylary döwlet baştutanymyza teklip edip, ruhy sarsgyna düşen adamlara hemaýat etmek üçin psihologlary hem psiholog wraçlary taýynlamagyň aladasyny etseler, döwletiň, halkyň howpsuzlygy hakynda alada etdikleri bolardy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG