Sepleriň elýeterliligi

Gözel şäher hem sarygarynjalar


Acanthotermes turkestanicus. Surat: BIO Photography Group, Biodiversity Institute of Ontario

Acanthotermes turkestanicus. Surat: BIO Photography Group, Biodiversity Institute of Ontario

Türkmenistanyň çäginde sarygarynjalaryň halk hojalygyna getirýän zeperleri barada ylmy kitaplarda, makalalarda ir döwürlerden bäri ýazylyp gelinýär.

Ylmy dilde «uly zakaspi termitleri» (A. ahngerianus Jacobs) diýip at alan bu sarygarynjalar, esasan, Aşgabat şäherinde hem-de paýtagta golaý etraplarda duş gelýär. Şeýle hem bu zyýankeşlere Köneürgençde, Garrygalada, Arçmanda, Baýramalyda, Türkmenbaşy şäheriniň töwereginde duş gelinýär.

Birnäçe ýyllaryň dowamyndaky gözegçilikleri netijesinde sowet alymlarynyň getirýän ylmy makalalarynda beýan edilişine görä, sarygarynjalar çygly toprakda hem-de agaç önümlerinde ýaşaýarlar. Şäher durmuşyna çalt uýgunlaşýan sarygarynjalar gurluşyk önümlerini, telegraf agaçlaryny, demir ýol şpallaryny iýip, halk hojalygyna ägirt uly zeperini ýetirýär.

Olary ýeňmek kyn

Daşyndan ejizje görünýän bu jandarlardan Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat ejir çekýär. Sarygarynjalar täze tipli gurluşyklara hem dyrmaşyp çykýarlar. Şäheriň ilersindäki «Berzeňňi» diýlip at berilýän ýerlerde gurlan köp sanly myhmanhanalarda sarygarynjalar sebäpli myhmanlar ol ýerlerden gaçyp gidýärler. Sebäbi zyýankeşler diňe bir aşaky gatlarda bolman, eýsem ýokarky gatlara çenli dyrmaşýarlar.

Myhmanlary goramak üçin myhmanhananyň hyzmatkärleri myhmanlaryň bolýan ýerlerine Eýranda öndürilýän awuly melleri-de çalyp çykýarlar. Emma hiç bir zatdan haýyr ýok. Eýran melleri sarygarynjalara täsir etmeýär. Sarygarynjalar uklap ýatan myhmanlaryň üstüne gaty arkaýynlyk bilen münüp, olaryň islendik ýerlerinden dişläp, olaryň ukularyny bozup durýarlar.

Berzeňňidäki myhmanhanalarda esasan hytaýlylar ýaşaýarlar. Olaryň örän çydamly adamlardygyny myhmanhana hyzmatkärleri beýleki myhmanlara mahabat hökmünde gürrüň berýärler.

Sarygarynjalar diňe bir şäheriň merkezinde däl, eýsem Çoganly posýologyndaky täze salynýan jaýlarda hem bar. Sarygarynjalaryň ýetiren zeperleri sebäpli, potoloklary aşak çöken maşgalalar bar. Olar ýokdan-bar edip salan jaýlarynyň ýokarsyny ýene täzeleýärler. Pul tapýanraklar jaýyny ýykyp, täzeden salýar. Kä kişiler sarygarynjalar hakda bilmeýänlere jaýlaryny satyp, ýa-da çalşyp gaçyp gidýärler.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG