Sepleriň elýeterliligi

Belarusda inflýasiýa soňky 10 ýyldaky iň ýokary derejede


Belarusda inflýasiýa soňky 10 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä ýetdi.

Belarusyň maliýe ministri Igor Fominiň beren maglumatyna görä, ýurduň içinde gündelik sarp edilýän harytlaryň bahasy ýylyň başyndan bäri 36 % töweregi ýokarlanypdyr.

Milli statistika komitetiniň başlygynyň orunbasary Irina Kangronyň bellemegine görä, “bu Belarusda soňky 10 ýylyň dowamynda inflýasiýanyň ýeten iň ýokary derejesidir”.

Şu ýylyň başynda Belarus özüniň pul birligini 36% hümmetsizlendirmäge mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG