Sepleriň elýeterliligi

Gämi heläkçiliginiň pidalaryna kompensasiýa tölener


Orsýetiň premýer-ministri “Bulgariýa” gämisiniň batmagy sebäpli heläk bolanlaryň maşgala agzalaryna we bu wakada ejir çekenlere geljek hepde pul kompensasiýalarynyň berlip başlanmalydygyny belledi.

Wladimir Putin bu barada hökümet komissiýasynyň Kazanda geçen maslahatynda aýtdy.

Putin adamlaryň ölümine sebäp bolanlaryň jogapkärçilige çekilmegini talap etdi. Ol heläkçiligiň geleňsizlik we betnebislik sebäpli dörändigini sözüne goşdy.

Soňky maglumatlara görä, gäminiň batmagy zerarly 113 adam, şol sanda 27 çaga ölüpdir. 16 adam dereksiz ýiten hasaplanýar.

“Bulgariýa” gämisi 10-njy iýulda Wolga derýasynda batypdy.
XS
SM
MD
LG