Sepleriň elýeterliligi

Türkiýedäki çaknyşykda 13 esger wepat boldy


Türkiýeden gowşan maglumata görä, ýurduň günorta-gündogarynda kürt pitneçileri bilen bolan çaknyşykda 13 esgeriň ölendigi we ýedi esgeriň ýaralanandygy habar berilýär.

Harbylaryň maglumatyna görä, Silwan şäherinde dörän çaknyşykda ýedi söweşiji öldürilipdir.

PKK-niň, ýagny “Kürt işçiler partiýasynyň” söweşijileri 1984-nji ýyldan bäri özleriniň awtonomiýasyny döretmek ugrunda göreş alyp barýar. Şondan bäri, bu konfliktde onlarça müň adamyň ölendigi aýdylýar.

Maý aýynda PKK-niň tussaglykda saklanýan lideri Abdullah Öjalan, eger-de Ankara konflikti çözmek boýunça gepleşiklere başlamasa, onda toparyň 15-nji iýuldan “uly söweşe” başlajakdygyny duýdurypdy.
XS
SM
MD
LG