Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Sudan BMG-niň 193-nji agzasy boldy


Günorta Sudan Birleşen Milletler Guramasynyň 193-nji agzasy boldy. Bu baradaky karar BMG-niň Baş assambleýasynyň penşenbe güni geçirilen mejlisinde kabul edildi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun guramanyň täze agzasyny garşylap, şeýle çykyş etdi: “Günorta Sudanyň halky möhüm tapgyra girdi. Emma bu ýoluň soňy däl. Hawa, öňde edilmeli uly işler bar. Ýöne ýurduň tebigy baýlyklaryny, ekin meýdanlaryny, Niliň suwuny, şeýle-de halkyň gujur-gaýratyny we işjeňligini göz öňünde tutanyňda, onda ýurduň uly potensiallary bar”.

Günorta Sudanyň garaşsyzlygy 9-njy iýulda yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG