Sepleriň elýeterliligi

FBI “News Corporation” kompaniýasyny derňeýär


Birleşen Ştatlaryň Federal derňew býurosy (FBI) Rupert Murdogyň eýeçiligindäki "News Corporation" kompaniýasyna garşy derňew işini başlatdy.

Bu kompaniýa 2001-nji ýylyň 11-nji senýabryndaky terror hüjümleriniň pidalarynyň telefon ýazgylaryny almaga synanyşykda şübhe bildirilýär.

Britaniýanyň neşirlerinde peýda bolan maglumatlara görä, "News of the World" gazetiniň žurnalistleri Nýu-Ýorkuň polisiýa işgärine terraktyň pidalarynyň telefon ýazgylaryny almak üçin pul hödürläpdirler.

Geçen hepde Rupert Murdok Britaniýada iň köp okalýan "News of the World" gazetiniň işini bes edipdi. Bu gazetiň birnäçe işgäri raýatlaryň telefonlaryny bikanun diňlemekde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG