Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bloggere duýduryş berildi


Änewli garaşsyz žurnalist, blogger Döwletmyrat Ýazgulyýew

Änewli garaşsyz žurnalist, blogger Döwletmyrat Ýazgulyýew

14-nji iýulda Aşgabadyň hukuk goraýjý edarasynyň işgärleri änewli garaşsyz žurnalist, blogger Döwletmyrat Ýazgulyýewi prokuratura çagyrdylar. Oňa “ýaşulularyň özi bilen gepleşmek isleýändiklerini” aýtdylar. Ýazgulyýew haýsy meselede gürrüň boljagyny soranda, olar bilmeýändiklerini, ýöne maşynly alyp gidip, soňam getirip gitjekdiklerini aýdypdyrlar.

Ýazgulyýew resmi çakylyk haty bolmasa, gitmejegini aýan edipdir. Azatlyk Radiosyna bu maglumat penşenbe güni gelip gowuşdy. Anna güni, 15-nji iýulda, Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Sizi prokuratura alyp gitdilermi?

D. Ýazgulyýew: Meni prokuratura däl-de, Ahal welaýatynyň polisiýa edarasynyň 6-njy bölümine eltdiler. Şol taýa girenimde, salamlaşdylar, hal-ahwal soraşdylar, näme işleýänimi soradylar. Menem Azatlyk Radiostansiýasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigimi aýtdymam weli: “Şol teleradio nämeler berýäň şu günler?” diýdiler. Menem derwaýys hasaplaýan meselämi berýän. Meselem, Abadanyň alkymyndaky harby polkda bolan partlamany öz žurnalistik derňewlerimiň esasynda diýdim.

Azatlyk Radiosy: Şeý diýeniňizde, olar näme diýdiler?

D. Ýazgulyýew: Şeý diýenimden soň: “Siz töhmetçilikli, halky, milleti öjükdiriji maglumat berýärsiňiz” diýdiler. Menem olara: “Olar ýaly maglumat beremok, halkdan gizlenjek boldy şu wakalar. Näme üçin Türkmenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolan Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary ýalňyş maglumat berdiler, tä 10-njy iýula çenli hatda partlamanyň ýarag ammarynda bolandygam aýdylmady, şonuň üçinem resmi maglumat bolmansoň, men öz žurnalistik derňewimi geçirdim hem-de il içindäki maglumatlaram maglumat hökmünde ýetirdim.

Il içindäki maglumat ýalandyr öýdýän bolsaňyz, haýsyňyz isleseňiz gideliň Büzmeýine, özümizi tanatman, geçip barýanlardan soralyň, “Ýarag partlamasynda näçe adam wepat boldy?” diýip soralyň. Eger şonda 500 adamdan az diýip, jogap berse ötegçi, men “il içinde” diýen sözüme jogap bermäge taýyn diýdim.

Azatlyk Radiosy: Olaryň reaksiýasy nähili boldy onsoň, prokuraturanyň işgärleriniň?

D. Ýazgulyýew: Olar prokuratura däl, meniň bilen gürleşen Altymyrat Berdiýew diýýär. Özem şu taýda bir zady aýdasym gelýär, meniň bilen gaty mylaýym gürleşdiler. Hiç hili haýbat atma bolmady. Kanun esasynda düşündirmäge çalyşdylar. Men olaryň argumentini örän gowşak gördüm. Olaryň diňe buýrugy ýerine ýetirýändigini özüni alyp barşyndanam gördüm. Men ýene bir zady aýdyp biljek: men gyzyl goşunyň hatarynda artilleriýa bölüminde gulluk etdim. Bölüm komandiri hökmünde nähili ýagdaýda snarýadlaryň hatardan çykarylýandygyny, olaryň nähili ýagdaýda howp döredýändigini, gulluk edenime 20 ýyl geçenem bolsa, bilýärin, meniň ýadymda, belli bir derejede habarly.

Men olara aýtdym: näme üçin Türkmenistanyň Howpsuzlyk geňeşi, partlamanyň bir gün öňýany bolup geçen, şol zatlary duýmady. Ýa-da bolmasa il içindäki gürrüňlere görä, ofiserler Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna maglumat beripdir. “Maglumat berlipdir, çäre görülmändir diýip, siz ýolbaşçylary masgaralaýarsyňyz” diýdi. Menem aýtdym, hatda SSSR döwründe, SSSR-em bir nusgalyk döwlet däl, şonda polkuň komandirleri üç ýyldan bärde howp döredip biljek snarýadlary ýok edip, aýyrýardylar, partladýardylar. Men şuňa şaýat boldum.

Näme üçin Howpsuzlyk geňeşi partlamanyň bir gün öňýany bolanda, şol howpy görmedi. Ynha, munuňam üstesine, ýalan maglumatlar ýaýratdy. Resmi maglumatlar bolmany üçin, il içindäki gürrünleri men belli bir derejede şeýle gürrüňleriň bardygyny aýtdym. Maglumat hökmünde berdim. Eger resmi maglumatyňyzy berseňiz, men hökman bererin, men resmi hyzmatdaşlyk etmäge-de taýyn diýdim.

Azatlyk Radiosy: Döwletmyrat, olar näme diýdi duşuşygyň soňunda?

D. Ýazgulyýew: Bu duşuşygyň soňunda: “Jenaýat kodeksiniň 132-nji maddasy (Habar beriş serişdelerinde töhmetçilikli habarlary ýaýratmak), hemem 177-nji maddasy (Sosial, dini, milli öjükdirme) biri – Iki ýyl, birem – bäş ýyl, şu maddalar boýunça sen günäkärlenýärsiň. Ýöne biz, ýaşulularyň tabşyrygy boýunça, birinji gezek saňa duýduryş bermäge geldik” diýip, protokol düzdüler. Iň soňunda: “Saňa duýdurýarys, indiki gezek şeýle zat etseň, seni jenaýat jogapkärçiligine çekeris” diýdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG