Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyz prezidentligine bäş kandidat hasaba alyndy


Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy şu günki güne çenli Gyrgyzystanda geçiriljek indiki prezidentlik saýlawlary üçin bäş sany kandidatyň resmi ýagdaýda hasaba alnandygyny mälim etdi.

Hususan-da, Merkezi saýlaw komissiýasynyň resmisi Jeniş Akmatow hasaba alnan kandidatlardan üçüsiniň «Bütin Gyrgyzystan», «Ata-Žurt» hem-de «Ýaşyllar» partiýasynyň wekilleridiklerini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, garaşsyz kandidatlardan hem ikisi hasaba alnypdyr. Olar Gyrgyzystanyň Ýokary sudunyň ozalky sudýasy Barktabas Azimkulow hem-de Uzgen şäheriniň ozalky meri Rasul Žoldoşew.

Saýlawlara kandidatlary hasaba almak işleri 15-nji awgusta çenli dowam eder. Gyrgyzystanyň prezidentlik saýlawlaryny bolsa, 30-njy oktýabrda geçirmeklik planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG