Sepleriň elýeterliligi

Baku Ermenistany partlama gurnamakda aýyplaýar


Anna güni Azerbaýjanyň häkimiýetleri bir oýunjagyň içine ýerleşdirilen partlaýyjy enjamyň penşenbe güni partlamagy netijesinde 13 ýaşly gyzyň ölmeginde Ermenistany aýypladylar.

Bu gürrüňi edilýän gyz penşenbe güni Ermenistanyň üsti bilen akyp gelýän derýadan bir oýunjagy alan wagty, onuň partlamagy netijesinde ölüpdi.

Azerbaýjanyň prezident administrasiýasy bu partlamanyň serhetýaka regionlarda Ermenistanyň öz prowokasiýalaryny dowam etdirýändigini görkezýändigini aýdyp, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG