Sepleriň elýeterliligi

Owganystandan amerikan esgerleriniň bir tapgyry çykaryldy


Anna güni Birleşen Ştatlaryň harby resmileri Owganystandan şu ýylky çykarylmagy planlaşdyrylýan 10 müň esgeriň birinji tapgyrynyň eýýäm bu ýurtdan çykarylandygyny yglan etdiler.

Maglumata görä, Owganystandan çykarylan bu amerikan harbylarynyň birinji tapgyry ýurduň Parwan welaýatynda gulluk alyp barýan 650 sany esgeri öz içine alýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystandaky öz goşunlaryny 2014-nji ýylda bu ýurtdan doly çykarmaklygy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG