Sepleriň elýeterliligi

Arap we günbatar ýurtlary Liwiýanyň oppozisiýasy bilen duşuşdy


Anna güni arap we günbatar ýurtlarynyň wekilleri Liwiýanyň oppozision Milli Geçiş Geňeşiniň ýolbaşçylary bilen Türkiýäniň Stambul şäherinde özara gepleşige başladylar.

Bu özara gepleşikler topary Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini häkimiýetden çetleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça gepleşik alyp barýar.

Soňky günler käbir habar serişdeleri Muammar Kaddafiniň, özüniň howpsuzlygynyň üpjün edilen halatynda, häkimiýetden çetleşmek meýliniň bardygy barada maglumat ýaýratdylar.

Emma şu hepde paýtagt Tripolide öz tarapdarlarynyň geçiren ýörişi wagtynda eden çykyşynda Muammar Kaddafi özüniň «ahyryna çenli» göreşjekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG