Sepleriň elýeterliligi

NATO parahat owganlaryň ölümi baradaky maglumaty derňeýär


Anna güni NATO güýçleriniň resmileri Owganystanda penşenbe güni geçirilen harby operasiýada alty sany parahat ýaşaýjynyň ölendigi baradaky maglumatlar boýunça derňew işlerini ýola goýjakdyklaryny mälim etdiler.

Host welaýatynyň administrasiýasynyň resmileri penşenbe güni bu welaýatda NATO güýçleriniň geçiren howa hüjüminde alty sany parahat ýaşaýjynyň, şol sanda, bir 11 ýaşly gyz bilen ýerli mugallymyň hem ölendigini aýdýarlar.

Penşenbe güni welaýat merkezinde bu ölen adamlaryň jesetleri göterilip geçilende, müňlerçe adam NATO güýçlerini ýazgaryjy şygarlar bilen protest ýörişini geçirdiler.
XS
SM
MD
LG