Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe adam Mubaregiň sud işiniň çaltlaşdyrylmagyny talap etdi


Anna güni Müsüriň birnäçe şäherinde müňlerçe adam ýurduň harby häkimiýetinden wada berlen reformalary amala aşyrmaklygy hem-de ýurduň ozalky lideri Hosni Mubaregiň we käbir beýleki resmileriň sud proseslerini çaltlaşdyrmagy talap edip, demonstrasiýa geçirdi.

Aýratynam Müsüriň paýtagty Kairde, ýurduň Aleksandriýa we Suez şäherlerinde protestler has-da uly gerimde gurnaldy.

Özlerini «Rewolýusion ýaşlar koalisiýasy» diýip atlandyrýan oppozision topar penşenbe güni ýurduň raýatlaryny «Iň soňky duýduryş» ady bilen demonstrasiýalara çykmaklygy çagyryp, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG