Sepleriň elýeterliligi

Çilimiň bahasy çilimkeşlige palta urýar


Türkmenistanda çilimler, esasan, hususyýetçileriň kommersiýa dükanjyklarynda, kiçijik budkajyklarynda satylýar.

Türkmenistanda çilimler, esasan, hususyýetçileriň kommersiýa dükanjyklarynda, kiçijik budkajyklarynda satylýar.

15-nji iýuldan Türkmenistanda çilimleriň bahasy ýene-de 50% ýokary galdy. Soňky iki aýyň dowamynda ýurtda çilimleriň bahasynyň yzygiderli galdyrylmagy çilimkeşleriň lapyny keç edýär.

Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasyna resmi taýdan birikmeginiň netijesinde ýurtda temmäki önümleriniň bahasy ýokary galdyrylyp başlandy.

Dünýäniň 173 döwleti tarapyndan ratifikasiýalaşdyrylan BSG-niň «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasy adamlaryň temmäki önümlerine bolan isleglerini azaltmagy maksat edinýär. Konwensiýanyň 6-njy maddasynda beýan edilişine görä, temmäki önümlerine salgyt we nyrh babatda çäreleri görmeklik ilat arasynda çilime bolan islegiň kemelmegine ep-esli derejede täsir edýär diýlip bellenilendir.

Türkmenistanda çilimleriň bahasy maý aýynyň ortalarynda 50%, 1-nji iýulda ýene 50%, 15-nji iýuldan hem ýene-de 50% ýokary galdyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda iň arzan çilimiň bahasy 2,5 amerikan dollaryna barabar bolsa, onuň ortaça bahasy 3,5 amerikan dollaryna baryp ýetdi.

Günsaýyn üýtgeýär

Türkmenistanda çilimler, esasan, hususyýetçileriň kommersiýa dükanjyklarynda, kiçijik budkajyklarynda satylýar. Temmäki önümleriniň bahasynyň ýakyn geljekde ýene ýokarlanjakdygy baradaky habardan çekinýän çilim söwdagärleri özlerinde bar bolan çilimleri satuwa çykarmakdan saklanýarlar.

Ozal islendik hususy dükanjyklardan çilimiň her dürli görnüşini satyn alyp bolan bolsa, indi çilim almak üçin belli dükanlara barmaly bolýar. Ol dükanlarda hem çilimiň bahasy günsaýyn üýtgäp dur.

Paýtagtyň hususy dükanlarynyň köpüsinde çilimiň ýitirim bolmagynda, spekulýantlaryň hem täsiri bar. Olar ýakyn geljekde temmäki önümleriniň ýene-de ýokary galjakdygyny göz öňünde tutup, bar bolan çilimleri lükgeligi bilen satyn alyp, satuwa çykarman saklaýarlar.

Çilim söwdasy bilen meşgullanýanlaryň käbiriniň habar bermegine görä, Türkmenistana hususy telekeçiler tarapyndan getirilen çilimler ýurduň gümrükhanasyndan geçirilmän saklanyp dur. Munuň hem sebäbi döwletiň täze gelip düşen temmäki önümlerine näçe mukdarda aksiz goýmaladygy barada heniz anyk netijä gelip bilmeýänligindendir.

Netije berýärmi?

Soňky iki aýyň dowamynda temmäki önümleriniň 3 gezek 50% ýokarlandyrylmagy ýurtda çilimkeşlige garşy göreşde garaşylýan netijäni berýändigini aýdyň görkezýär. Bir günde iki guty çilim çekýän çilimkeşler, temmäki önümleriniň juda gymmatlamagy sebäpli, çekýän çilimlerini üç-dört esse azaltmaly bolandyklaryny aýdýarlar.

Emma ýurtda çilimiň gymmatlamagy temmäki önümi bolan nasyň bahasynyň-da ýokary galmagyna täsirini ýetirdi. Nas taýýarlamak üçin temmäki Türkmenistanyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýär. Ýöne ýurtda nasy taýýarlamak, satmak we ony peýdalanmak kanun taýdan gadagandyr. Nas söwdasy bilen ele düşenler administratiw jogapkärçilige çekilýärler. Emma muňa garamazdan, nasy taýýarlamak we ony satmak ýitirim bolmaýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG