Sepleriň elýeterliligi

Tunisde polisiýa stansiýasyna edilen hüjümlerden soň dartgynlyk güýçlenýär


Içeri işler ministrligi öten agşam Tunis şäherlerinde polisiýa stansiýalaryna we jemgyýetçilik binalaryna edilen hüjümlerde polisiýanyň alty ofiseriniň ýaralanandygyny aýtdy. Ofiserleriň dördüsi agyr ýaralanypdyr.

Paýtagtdan demirgazykda 65 km uzaklykda ýerleşýän Menzel Borguýba polisiýa stansiýasyna edilen hüjüm iň gazaply hüjüm boldy.

Ministrligiň beýanatynda bu hadysada ýaralanan alty ofiseriň dördüsiniň Tunisde bejergi alýandygy aýdylýar.

Merkezi Tunisiň Kaýroan, Tunisiň 150 günortasyndaky Sousse, ýurduň gündogaryndaky Hamman Ghzez, paýtagtyň günbataryndaky Al Agba diýen ýerlerindäki we Tunisiň işçiler etrabyndaky polisiýa stansiýalaryna hüjüm edildi.

Tunisde geçen annadan, merkezi hökümetiň binasynyň öňünde oturyp protest bildirmäge synanan ýüzlerçe adam polisiýa tarapyndan zorlukly dargadylaly bäri gahar-gazap möwç alýar.
XS
SM
MD
LG