Sepleriň elýeterliligi

Homs çaknyşyklarynda 30 adamyň öldürilendigi aýdylýar


Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Homs şäherinde prezident Başar al-Assadyň režiminiň garşydaşlary bilen goldawçylarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 30 adamyň öldürilendigini aýdýarlar. Muny Londondaky Siriýa hukuk gözegçiligi toparyndan Rami Abdel Rahman aýdýar.

Ol bu çaknyşyklaryň geçen hepde alnyp gaçylan üç režim tarapdarynyň parça-parça edilen jesetleri şenbe güni garyndaşlaryna gaýtarylyp berlenden soň turandygyny aýtdy.

Ol bu çaknyşyklaryň howpludygyny we onuň rewolýusiýany graždan urşuna öwürmek isleýän adamlaryň bähbitlerine gulluk edýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG