Sepleriň elýeterliligi

Orsýet batan gämini suw astyndan çykarmaga taýýarlanýar


Orsýet bir hepde ozal Tatarystanda batan «Bolgariýa» gämisini suw astyndan çykarmaga taýýarlanýar.

Gämi batanda üstünde 200-den gowrak adam bardy we olaryň köpüsi çagady.

Batan gämini suw atsyndan çykarmak işine onlarça suwa çümüji gatnaşýar, bu işde iki sany äpet kran ulanylýar.

Resmiler gäminiň şu gün giçlik suwdan çykaryljagyny aýdýarlar.

Halas edijiler 114 adamyň jesedini tapdylar, 15 adamyň bolsa heniz hem tapylmaýandygy aýdylýar. Bu betbagtçylykdan 79 adam aman galdy.

Premýer-ministr Wladimr Putin bu tragediýanyň sebäbiniň howpsuzlyk düzgünleriniň bozulyp, gämä aşa kän adam mündürilmegi bilen baglydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG