Sepleriň elýeterliligi

logo-print

London polisiýasynyň başlygy telefon diňleýiş sebäpli işden çekildi


London polisiýasynyň başlygy telefon diňleýiş galmagaly sebäpli işden çekildi.

Polisiýa häzir çykmasy ýatyrylan “News of the World” gazetiniň ýüzlerçe saýlama alymyň, syýasatçylaryň, basdaş žurnalistleriň, merhum britan esgerleriniň we öldürilen ýetginjegiň telefonlaryndaky ses ýazgylarynyň bikanun diňlenişi boýunça derňew geçirýär.

Pol Stefenson, Britaniýanyň iň ýokary derejeli polisiýa ofiseri özüniň bu praktikanyň geriminden bihabardygyny we öz gatyşmasynyň «doly ýerliksiz» bolandygyny aýtdy.

Ol “News of the World” gazetiniň öňki baştutany we telefon diňlenişigini derňeýän polisiýa tarapyndan sorag edilen Nil Wallisi geňeşçi edip işe alany üçin tankyt edildi.
XS
SM
MD
LG