Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aklawçysy Mubaregiň huşsuz ýatandygyny aýdýar


Gyrakladylan prezident Hosni Mubaregiň aklawçysy öz müşderisiniň insultdan ejir çekendigini we huşsuz ýatandygyny aýtdy.

Emma Mubaregiň saglygyna gözegçilik edýän saglyk toparynyň başlygy muny ret etdi we onuň gan basyşynyň aşaklandygyny, ýöne indi ýagdaýynyň kadalaşandygyny aýtdy.

83 ýaşly Mubarek, hepdeläp dowam eden protestlerden soň, fewral aýynda işden çekilipdi. Ol aprelde, galplyklar we protestçileri öldürmek aýyplamalary esasynda sorag edilende ýüreginden tutaly bäri Gyzyl deňziň boýundaky Şarm el-Şeýh kurortundaky hassahanada saklanýar.

Mubarek 3-nji awgustda sud edilmeli.
XS
SM
MD
LG