Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan türk şirketlerine bergilidigini ret edýär


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türk kompaniýalarynyň bir toparynyň Türkmenistanda eden işleri üçin hakyny alyp bilmeýändigi barada daşary ýurt metbugatynda çykan habarlaryň hakykata laýyk gelmeýändigini aýdyp, metbugat üçin beýanat ýaýratdy.

“Türkmen tarapy şu mesele bilen baglylykda häzirki wagtda Türkmenistanda 600-den gowrak türk kompaniýasynyň işleýändigini we olaryň 20 milliarddan gowrak amerikan dollaryna durýan işi amala aşyrýandygyny belleýär” diýip, beýanatda aýdylýar.

Geçen hepde “Assoşeýted press” agentligi türk kompaniýalarynyň Türkmenistany bir millard dollardan gowrak tölenmedik iş haky üçin suda berjekdiklerini habar beripdi.
XS
SM
MD
LG