Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Liwiýa oppozisiýasyny kanuny hökümet hasaplaýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bu karary 15-nji iýulda Stambulda, Liwiýa boýunça Halkara aragatnaşyk toparynyň duşuşygynda yglan etdi.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bu karary 15-nji iýulda Stambulda, Liwiýa boýunça Halkara aragatnaşyk toparynyň duşuşygynda yglan etdi.

Birleşen Ştatlar Liwiýa gozgalaňçylaryny ýurduň kanuny hökümeti hökmünde ykrar etdi. Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bu karary Stambulda, Liwiýa aragatnaşyk topary bilen bolan dördünji duşuşyga gatnaşanda yglan etdi.

Birleşen Ştatlar, häkimiýetde galmaga dyrjaşýan liwiýa lideri Mukammar Kaddafiniň režimini mundan beýläk ykrar etmeýän 30-dan gowrak döwlete goşulyp, Liwiýanyň esasy oppozisiýa toparyny ýurduň kanuny hökümeti hökmünde formal taýdan ykrar etdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton (sagda) we Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň ýolbaşçysy Mahmud Jibril Stambuldaky duşuşykda, 15-nji iýul.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bu karary 15-nji iýulda Stambulda, Liwiýa boýunça Halkara aragatnaşyk toparynyň duşuşygynda yglan etdi.

“Birleşen Ştatlar geçiş häkimiýeti döredilýänçä Milli geçiş geňeşini Liwiýanyň kanuny hökümeti hökmünde ykrar eder we biz onuň bilen şu esasda işleşeris. Munuň tersine, Birleşen Ştatlar Kaddafi režimine mundan beýläk Liwiýadaky kanuny häkimiýet hökmünde garamaýar” diýip, Klinton aýtdy.

Bu karar örän möhüm, sebäbi diplomatiki ykrar edilmegi Birleşen Ştatlarda doňdurylan 30 millard dollar çemesi emlägiň doňunyň çözülmegine ýol açýar we bäş aý ozal Kaddafiniň 41 ýyllyk dolandyryşyna garşy turan halk gozgalaňy netijesinde hökümet güýçlerine garşy söweşýän gozgalaňçlara graždan urşuna ýazan gapma-garşylygy soňlamak üçin serişde gerek.

Klinton bu kararyň Liwiýanyň esasy oppozisiýa topary bolan Milli geçiş geňeşine maliýe kömegini bermekdäki ähmiýetini belläp, şeýle diýdi:
“Biziň entek dürli kanun meseleleriniň üstünde işlmegimiz gerek, ýöne biz şu ykrar etme ädimi gozgalaňçylary goşmaça maliýe çeşmelerine eýe eder öýdýäris”.

NATO martyň aýagyndan bäri, BMG-niň hökümet güýçleri tarapyndan nyşana alynýan graždan ilaty goramak üçin harby herekete ygtyýar bermegi netijesinde, Kaddafini agdarmaga çalyşýan oppozisiýa goldaw berýär.

Kaddafi abraýdan gaçdy

Oppozisiýa güýçleri indi ýurduň gündogarynyň köp bölegine we günbatarynyň aýry-aýry ýerlerine kontrolluk edýär. Ýöne olar paýtagt Tripolide Kaddafiniň häkimiýetini gowşatmakda asgynlyk çekýärler.
Ýöne käbir adamlar tarapyndan “Demirgazyk Afrikanyň dälisi” adyny alan harby hökümdaryň halkara jemyýetçiligi bilen arasynyň bozulanyna esli wagt boldy.

NATO girýän 32 döwlet, Ýewropa Bileleşigi we Arap ligasy tarapyndan ylalaşylan Aragatnaşyk topary 15-nji iýulda bir beýanat ýaýradyp, “Kaddafi režiminiň indiden eýläk Liwiýanyň kanuny häkimiýeti däldigini” jar etdi.

Kaddafiniň goldawçylary Tripolide geçen ýygnakda, 14-nji iýul.
Bu topar Liwiýada wagtlaýyn hökümet döredilýänçä Milli geçiş geňeşini dolandyryjy häkimiýet hasaplajagyny aýtdy.

Gozgalaňçylaryň sözçüsi Mahmud Şamman Liwiýada Milli geçiş geňeşiniň ykrar edilmegini gutlap, beýleki ýurtlary hem liwiýa oppozisiýasyna maliýe goldawyny etmäge çagyrdy. Ol oppozisiýanyň bir ýyl çemesi wagt içinde saýlaw geçirip, nebit eksportuny gaty basym gaýtadan ýola goýmaga umyt baglaýandygyny, sebäbi nebit kärhanalaryna ýeten zyýanyň azdygyny we olaryň bejerilýändigini aýtdy.

Liwiýa hökümetiniň sözçüsi Musa Ibrahim Aragatnaşyk toparynyň duşuşygynyň öňüsyrasynda çykyp gepläp, Kaddafiniň tarapdarlarynyň ýurduň nebitini gorap, gozgalaňçylara we NATO güýçlerine garşy söweşde ölmäge taýýardyklaryny aýtdy. Ol: “Biz nebit üçin öldüreris, öleris. Gozgalaňçylar, NATO, biziň üçin parhy ýok. Biz öz nebitimizi soňky damja ganymyza çenli gorarys we munuň üçin bar zady ulanarys” diýdi.

Kaddafi bolsa, 14-nji iýulda döwlet telewideniýesinde berlen ýüzlenmesinde öz tarapdarlaryny gola ýarag almaga hem Liwiýanyň duşmanlaryna hüjüm etmäge we NATO-ny «kül-peýkun» etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG