Sepleriň elýeterliligi

1 million 300 müň tonna galla ýygnaldy diýilýär


Ýazgulyýew: "Nyýazow öz wagtynda azyndan 300 müň tonna unuň daşary ýurtlardan getirilýändigini aç-açan aýdýardy".

Ýazgulyýew: "Nyýazow öz wagtynda azyndan 300 müň tonna unuň daşary ýurtlardan getirilýändigini aç-açan aýdýardy".

15-nji iýulda Türkmenbaşy (öňki ady Krasnowodsk) şäher aeroportunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň iş maslahatyny geçirdi. Ol öz kärdeşlerini ýetip gelen galla baýramy bilen gutlady. Olar öz gezeginde prezidenti gutladylar.

Berdimuhamedow ilkinji gezek şu ýylyň hasylynyň möçberini yglan etdi, 1 million 300 müň tonna töweregi bugdaý hasylynyň alnandygyny aýtdy. Ondan öň 8-nji iýulda geçirilen giňeldilen hökümet maslahatynda oba hojalyk meselesine uly üns berildi. Şeýle-de hasylyň geçen ýylkydan pesdigi aýdyldy.

Häkimiýetleriň yglan eden şu möçberine kärendeçileriň, daýhanlaryň, oba-hojalyk spesialistleriniň garaýyşlary nähili? Bu soraga türkmenistanly žuranlist Döwletmyrat Ýazgulyýew şeýle jogap berdi:

Döwletmyrat Ýazgulyýew: Döwlet baştutany 8-nji iýulda geçen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda oba hojalygynda düýpli kemçilikleriň bardygyny aýdyp, bu ugra jogap berýän wise-premýeri wezipesini oňarmaýandygy üçin işden boşadypdy. Şonda üstümizdäki ýylyň gurak gelmegine seretmezden, 1 millon 200 müň tonna galla hasylynyň ýygnaljakdygyny döwlet baştutany ýatlatdy. Emma 15-nji iýulda prezidentiň 1 million 300 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygy barada aýtmagy hemmäni geň galdyrdy. Elbetde, soňky döwürde Nyýazowyň döwründäki ýaly hasyly 3-4 esse artdyryp ýazmagyň öňi alyndy. Ýöne, muňa garamazdan, daýhanlaryň özleri-de, spesialistler-de bu sanlara şübhe bilen garaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Şol şübhä nähili esaslar bar? Näme üçin adamlarda şübhe döredi?

Döwletmyrat Ýazgulyýew: Çopan hasabyny edip alanyňda, Turkmenistanyň halky entek sowatly. Meselem, jan başyna 200 kilogram bugdaýyň, ýagny 160 kilogram unuň harç edilýändigini hemme bilýär. Şonuň üçin Turkmenistanyň ilatyny 5 million diýip alan ýagdaýyňda hem 1 million tonna bugdaý öndursek, 200 müň tonna tohumlyk bugdaýy goşanyňda hem Türkmenistan prezidentiň aýdyşy ýaly 1 millon 300 müň tonna galla alan bolsa, iň bolmanda 100 müň tonna bugdaýy eksport etmeli. Döwlet baştutany 15-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda öten ýyldan galan gallamyzy goşanymyzda, biziň bir ýyllyk iýjek gallamyz bar diýdi. Diýmek, şu ýylky bugdaýyň ýurduň ilatyna ýetmeýändigini prezident gyýtaklaýyn boýun aldy.

Azatlyk Radiosy: Döwletmyrat, Türkmenistanyň azyk dükanlaryna, bazarlaryna bir syn edeli. Unuň bahasy bazarlarda hem dükanlarda nähili?

Döwletmyrat Ýazgulyýew: Döwlet dükanlarynda unuň bir haltasynyň bahasy 23 manat. Emma Orsýetiň we Gazagystanyň birinji we ýokary sortly unlary 90-100 manat. Maşagalada döwlet edaralarynda işleýän agzasy bolmadyk maşgalalar hem bir aýda şol daşary ýurt unlaryndan 5-10 kilo satyn almaly bolýarlar. Sebäbi diňe özümiziň unumyzdan edilen hamyr tamdyrda durmaýar. Ol akýar. Hatda manty ýa börege-de ýaramaýar. Özüni oňarýan hojalyklar öz unumyzy iýmeýärler. Nyýazow öz wagtynda azyndan 300 müň tonna unuň daşary ýurtlardan getirilýändigini aç-açan aýdýardy. Biziň özümizde hem unuň, gallanyň ýetmezçilik edýändigi duýulýar. Sebäbi özümiziň unumyz dükanlarda açyk satylanok. Munuň özi-de 1 million 300 müň tonna diýilýän sana şübhe bilen garamaga mejbur edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG