Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan gazetiniň ozalky redaktory girew esasynda azat edildi


Londonda, häzir çykmasy ýatyrylan “News of the World” gazetiniň ozalky baş redaktory Rebeka Bruks girew esasynda azatlyga goýberildi.

43 ýaşly Bruks ýekşenbe güni tussag edilipdi. Ol 12 sagada çeken soragdan soň, azatlyga goýberildi. Rupert Murdoga degişli bolan “News of the World” gazetiniň telefon diňlänligi we polisiýa para berenligi gümän edilýär.

Polisiýa “News of the World” gazetiniň ýüzlerçe saýlama alymyň, syýasatçylaryň, basdaş žurnalistleriň, merhum britan esgerleriniň we öldürilen ýetginjegiň telefonlaryndaky ses ýazgylarynyň bikanun diňlenişi boýunça derňew geçirýär.

Telefon diňleýiş galmagaly sebäpli London polisiýasynyň başlygy hem işden çekildi.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň aýtmagyna görä, bu galmagal jemgyýetiň polisiýa bolan ynamyny gaçyrypdyr.
XS
SM
MD
LG