Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Günbataryň Liwiýa boýunça pozisiýasyny tankytlady


Orsýet günbatar ýurtlarynyň Liwiýanyň pitneçileriniň Milli geçiş geňeşini kanuny hökümet diýip ykrar etmegini tankytlady.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şeýle çykyş etdi: “Bu ýene-de bir gezek şeýle ykrarnamany kabul edenleriň Liwiýadaky graždan urşunda belli bir syýasy güýjüň tarapyny tutýandygyny aňladýar”.

Bu aralykda, Liwiýadaky pitneçileriň metbugat wekili Şamsiddin Abdulmolahyň aýtmagyna görä, gozgalaňçylar Brega şäherini gabawa alypdyrlar.
XS
SM
MD
LG