Sepleriň elýeterliligi

Eýran PJAK hereketiniň Yrakdaky üç lagerini ele geçiripdir


Eýranyň güýçleri eýran-kürt PJAK gozgalaňçy hereketiniň Yrakda ýerleşýän üç lageriniň kontrollygyny doly öz ellerine geçiripdirler.

Bu barada Eýranyň Sardaşt şäherinde Rewolýusiýa sakçylaryna ýolbaşçylyk edýän polkownik Delawar Ranjibarzadeh aýtdy.

Ranjibarzadehiň aýtmagyna görä, Yragyň serhet regionlaryndaky operasiýa şenbe güni başlanypdyr.

Ol bu operasiýanyň henizem dowam edýändigini sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG