Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ we Günorta Koreýa bilelikde harby türgenleşik geçirer


Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýa öňümizdäki aý bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirer.

Günorta Koreýadaky amerikan goşunlarynyň komanduýuşisi general Jeýms Trumeniň aýtmagyna görä, türgenleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasyndaky özara hereketler özleşdiriler.

Günorta Koreýanyň Gornamak ministrliginiň beren maglumatyna görä, türgenleşiklere Günorta Koreýanyň onlarça müň esgerleri gatnaşar.

Demirgazyk Koreýa bular ýaly türgenleşik çärelerini “söweşe taýýarlyk” diýip häsiýetlendirýär.

Geçen ýylyň martynda Günorta Koreýa özüniň gämisini gark etmekde we 46 sany esgeriniň öldürilmeginde Demirgazyk Koreýany aýyplandan soň, koreý ýarymadasyndaky ýagdaýlar dartgynlaşypdy.

Demirgazyk Koreýa şol aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG