Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanda bolan partlamada iki polisiýa işgäri öldi


Çeçenistanda bolan partlamada polisiýa işgärleriniň ikisiniň ölendigi we ýedisiniň ýaralanandygy habar berilýär.

“Interfaks” habar gullugynyň hukuk goraýjy organyň ofiserine salgylanyp berýän maglumatyna görä, partlama Wedeno regionynda bolupdyr.

Ýakynda bu regionda ýerli howpsuzlyk güýçleri bilen yslamçy söweşijileriň arasynda çaknyşyklar bolupdy.

Moskwa 1994-nji ýyldan bäri Çeçenistanda separatistlere gary iki urşy alyp barypdy.
XS
SM
MD
LG