Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Adamlaryň zähmet hukuklarynyň basgylanmagy


Gulgeldiýew: "Şäherlerde gara işlerde işlemäge gelýänler arzan ýaşaýyş jaýlaryny gözläp, kireýine ýaşaýarlar hem-de öz iýjek-işjeklerinden artdyryp, oba — öýlerine pul ugradýarlar".

Gulgeldiýew: "Şäherlerde gara işlerde işlemäge gelýänler arzan ýaşaýyş jaýlaryny gözläp, kireýine ýaşaýarlar hem-de öz iýjek-işjeklerinden artdyryp, oba — öýlerine pul ugradýarlar".

Sosialistik lagerde ýaşamak bilen, hökümetden ölmez-ödi aýlyk-günlük almaga endik eden türkmenler, ykdysady dilde aýdanyňda “kapitalizmiň” ýowuz şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolup başladylar. Has dogrusy, jeňňel ýaşaýşyna düşüldi. Hökümetden örküňi üzüp, öz başyňy çarap ýaşalmaly döwür türkmenleriň bosagasyndan ätledi.

Biz bu döwre «Kapitalizm döwri» diýen bolýarys. Ýöne Türkmenistandaky düzgün-tertip ne-hä kapitalizmiň düzgünlerine gabat gelýär, ne-de sosializmiň. Kapitalizm döreýän bolsa, jemgyýetçilik guramalary, hususy gazet-žurnallar, kinostudiýalar, şahsy zawod-fabrikler döremeli dälmi? Türkmenistandaky düzgüni dogrusy, näme diýip atlandyrjagyňy-da bileňok. Hökümete degişli edara-kärhanalary wezipeli adamlar öz dogan-garyndaşlary bilen eýelediler. Ýokarrak wezipelerde tanşy barlar kiçiräk söwda dükanlaryny açyp, güzeran dolaýarlar. Köp möçberde önüm öňdüriji şahsy kärhanalar Türkmenistanda ýok diýerlik.

Hökümetden pul kömegini alman, öz güýjüne daýanyp işleýän şahsy söwda dükanlary arzan işçi güýjüni ulanmagy gowy görýärler. Arzan işçi güýji bolsa kolhozlaryň ýykylmagy we ýerleriň zaýalanmagy netijesinde işsiz galan oba adamlaryndan näçe diýseň tapdyrýar. Bir aplyk zähmetine elli amerikan dollaryna-da ýetmeýän hak almaga-da razy bolup, söwda dükanlarynda satyjy bolýan oba ýaşlary örän gözgyny ýaşaýarlar.

Ulurak söwdany amala aşyrýan (gurluşyk materiallaryny, reňkleri satýan) dükanlar aýda togsan-ýüz amerikan dollaryny töleýärler. Bu pul üçin dükanlaryň satyjylary bütin günüň dowamynda on iki-on üç sagat işledilýär. Arakesme ýok. Käbir dükanlarda bolsa hatda gije sagat on-on bir bolýança işledilýärler. Olara dynç günleri berilmeýär. Ençeme adamyň etmeli işini satyjynyň bir özi etmeli bolýar. Gapdalynda ýerini çalşar ýaly adam goýulmaýar. Günortanyň yssysynda ýadap oturmak, uklamak bolmaýar. Oturýan ýa-da irkilýän işgär kowulýar.

Obalardan gelýän aýal maşgalalaryň köpüsi şäher ýerlerinde çörek bişirijiler bolup işleýärler. Bir uly jam hamyry ýugrana bir manat töleýärler. On manat gazanmak üçin on tamdyrlyk hamyr ýugurmaly. Şeýle işlerde hem obalylar hezil edip işleýärler. Sebäbi obalarda pul gazanmak aňsat däl.

Şäherlerde gara işlerde işlemäge gelýänler arzan ýaşaýyş jaýlaryny gözläp, kireýine ýaşaýarlar hem-de öz iýjek-işjeklerinden artdyryp, oba — öýlerine pul ugradýarlar.

Bazarlarda nahar bişirip satýan şahsy dükanjyklaryň nahar bişirijisi, nahary satyjysy, gap ýuwujysy bolup işe ýerleşip bilýän oba ýaşlary örän begenýärler. Beýle ýerlerde işlemek amatly bolýar. Zähmetiň üçin berilýän pul az bolsa-da, nahar dükanjyklarynda mugt iýip-içip bolýar.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG