Sepleriň elýeterliligi

Gara öýleri betondan gurnalan ülke


Sinszýan - häzirki Hytaýyň demirgazyk-günbatar çeti.

Sinszýan - häzirki Hytaýyň demirgazyk-günbatar çeti.

Sinszýan - häzirki Hytaýyň demirgazyk-günbatar çeti. Onuň ilaty, esasan, uýgurlardan, gazaklardan, pamirlilerden ybarat musulmanlar. Şol ýerde takmynan 200 müň töweregi gyrgyz azlygy ýaşaýar. Rus taryhy ýazgylarynda bu Merkezi Aziýa territoriýasy «Gündogar Türküstan» diýlip atlandyrylýar. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň synçysy Janyl Ýusupjan ýakynda Sinszýana sapardan gaýdyp geldi.


— Gündogar Türküstan esasan türki dilli halklar bolan uýgurlaryň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň ýaşaýan ýeri. Ýöne belli bir döwürde ol ýerde hytaýlylaryň-da ep-eslisi peýda bolupdyr. Gündogar Türküstan gönüden-göni öňki Sowet Soýuzyna —häzir bolsa Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana degişli serhetde araçäkleşýär.

— Gyrgyzlaryň bir böleginiň Hytaýyň territoriýasyna düşüp, galan böleginiň bolsa Russiýa imperiýasynyň, soňra Sowet Soýuzynyň, häzir bolsa Garaşsyz Gyrgyzystanyň territoriýasyna düşüp galmagynyň sebäbi nämedenkä?

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň synçysy Janyl Ýusupjan
— Munuň özi XIX asyryň hem-de XX asyryň başynda patyşa Russiýasynyň, Hytaýyň hem-de Beýik Britaniýanyň «Uly oýun» diýlip atlandyrylan dawalarynyň netijesidir. Ahyrky netijede taraplar dawaly ýerleri hem-de gyrgyz ýerleriniň bölegini paýlaşmak barada ylalaşyga gelipdirler. Şunlukda, esasan, beýik daglar Hytaýa degişli bolup galypdyr. Maňa «gyrgyz Hytaýynyň» diňe bir kiçijik böleginde bolmak başartdy. Sebäbi bu oblastyň uly bölegi daşary ýurtlular üçin ýapyk diýen ýaly. Ol ýere barmak üçin ýörite ygtyýarnama gerek. Mende bolsa şeýle ygtyýarnama ýokdy. Men daşary ýurtly žurnalist bolanlygym üçin şeýle ygtyýarnamany alyp bilmändim. Meniň gören ýerlerim bolsa hytaý hasabyna görä, jahankeşdelere niýetlenen region. Ol ýerlerden örän köp adam Pakistana geçýär.

Bu Karakorum ýolunda örän beýik daglar bar, ol ýerdäki durmuşyň agyr şertlerine adam çydar ýaly däl. Ol ýerlerde, meniň çakyma görä, henize çenli çydamly gyrgyzlardan başga hiç kim ýok, adamlar ol ýere diňe gysga wagtlyk düşýärler. Ol ýerde hytaýlylaryň kafesi bar. Kafede işleýänler bolsa gyrgyzlar. Meni bir zat haýran galdyrdy. Men Gündogar Türküstandan bolan gyrgyzlarda at görmedim diýen ýaly. Ýogsa biz çarwa halk ahbetin. Ýöne olarda motosikletler bar, özlerem ownuk söwda bilen meşgullanýarlar. Meniň eşidişime görä, olar şol ýeriniň şertlerine lyýyklykda, erbedem ýaşanoklar.

— Administratiw ýagdaýa görä, Sinszýan welaýatynyň düzüminde bolan Gyzyl-Suw Gyrgyz awtonom oblasty Hytaýyň bäş sany uly milli territoriýalarynyň içinde iň bir demirgazyk-günbatarda ýerleşeni. Siz näme üçin ala-böle şol ýere sapar etdiňiz?

— Men çagalyk döwrümden bäri ata-babalarymyzyň, şol sanda öz babamyňam ençeme aýlaryň dowamynda şol daglary goýun sürülerini sürüp geçendiklerini eşidýärdim. Olar goýunlaryny Kaşgarda (edil Fergana ýaly ýa-da Yssyk kölüň gündogaryndaky Üç-Turpan ýaly) satypdyrlar we öz ýurdumyzda gerek bolan harytlara çalşypdyrlar. Bir sapar babam ol ýerden ejeme gaýyşdan ýasalan şeýle bir owadan papka getiripdir... Mende çagalyk döwümden bäri birek-birekden aýra düşürilen bu gyrgyzlaryň kimdigini bilmek höwesi bardy. Olaryň biri-birinden aýra salynmagyna syýasy ýagdaýlar sebäp bolupdy.

— Ol ýerdäki gyrgyzlaryň dili siziň diliňize meňzeşmi ýa-da olaryň dilinde gadymy gyrgyz gepleşigi saklanyp galypmy?

— Çarwalarda bir ýagdaý bar, olar hatda biri-birlerinden aýry ýaşasalar-da, bolsalar-da, dillerinde ullakan bir üýtgeşiklik bolmaýar. Muňa garamazdan, meniň gürrüňdeş bolan kişilerim öz şiwelerinde geplediler. Biz olary «günortalylar» diýip atlandyrýarys. Bu şiwe Gyrgyzystanyň günortasynda ýörgünli. Olar bilen ine-gana gürleşmek hem-de öwrenişmek üçin maňa birki gün gerek boldy. Umuman, tapawut gaty bir uly däl.


— Şuny aýtmaga töwekgellik edýärin, şol ýerleriň görnüşi nähili? Örän owadan tebigat, ýaşaýyş üçin kyn şertler, garyp güzeran...

— Ol ýerde ýaşaýyş ýeňil-ýelpaý däl, aýratyn-da beýik daglarda. Gün şeýle bir ýakyp-ýandyrýar, hatda hamyň garalyp gidýär. Şu sebäpli, ýanmakdan gorkup, diňe bir gyzlar däl, erkeklere çenli ýüzlerini ýapyp gezýärler. Şeýle howa sebäpli dişler saralýar hem düşüp başlaýar. Umuman alanyňda, daglarda adamlar çalt garraýar, aýallaryň arasyndaky ölüm örän ýokary derejede. Şunuň ýaly beýik daglarda ýaşaýan adamlara hatda Gyrgyzystanda-da, adatça, hökümet sosial taýdan kömek bermäge çalyşýar. Hytaýda-da şuňa meňzeş kömek programmasynyň bardygyna ynanýaryn.

— Serhediň aňyrsynda ýaşaýan gyrgyzlarda nähilidir bir medeni we etniki aýratynlyk barmy? Men siziň getiren suratyňyzy synladym. Ol suratdaky milli gyrgyz tahýasy üýtgeşik, ondaky reňkler hem salnan nagyşlar beýleki gyrgyzlaryň tahýasyndan üýtgeşik. Munuň sebäbi näme bilen baglanyşykly?

— Bu ýerli tapawut. Gyrgyzystanyň raýonlarynyň her birinde-de tahýalar nagyşlary hem nagyşlarynyň sapaklarynyň reňkleri boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Ýogsa-da, Kaşgarda hem-de Garaköl kölünde Gyrgyzystanda öndürilýän tahýalar satyldy. Ýöne milli gyrgyz el işlerine welin men ol ýerde duşmadym. Mysal üçin, bizde ýüňden dokalýan haly bolan «şyrdak» örän giň ýaýran. Men şunuň ýaly halylary Hytaýda asla görmedim. Tebigy şertler ýaşaýyş durmuşyny üýtgedýärler. Mysal üçin, gara öýleri olar diňe bir aý dikip bilýärler, sebäbi ol ýerde ýeller örän güýçli öwüsýär. Şol sebäpli olar gara öýleri betondan gurupdyrlar. Olary synlamak örän täsin — kerpiçden gurlan jaýlaryň gapdalynda beton gara öýler. Men muňa diýseň haýran galdym. Ýöne Hytaýdaky gyrgyzlar milli medeniýetiň köp görnüşini gorap saklaýarlar.

— Munuň özi bir milletiň iki bölegimi? Bölünişigiň meseleleri duýulýarmy? Ýa-da Hytaýdaky gyrgyzlar onçakly köp däl, goý, olar nähili ýaşasalar, şonuň ýaly-da ýaşabersinler diýilýärmi?

— Hytaýly gyrgyzlar üçin bu wajyp mesele. Gyrgyzlaryň medeniýetli bölegi Urumçyda ýaşaýar. Olar hatda öz maşynlaryna nomerleri-de saýlap-seçip alýarlar. Maşynlaryndaky nomerde «KG» (Gyrgyzystan) belgisiniň bolaryny isleýärler. Olar Gyrgyzystanda nämeleriň bolup geçýänine örän üns berýärler. Mysal üçin Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň gepleşiklerini diňleýärler. Biziň her birimizi atma-at tanaýarlar. Menem derrew tanadylar. Gyrgyzystan, belki, olara ýeterlik üns berýän däldir. Hytaýdaky gyrgyzlaryň ýaşaýan ýeriniň uly bölegi serhet ýakasyndaky harby zonada ýerleşýär. Bu zolak takmynan ýüzden bäş ýüz kilometre çenli. Serhet ýakasynda erkin gatnaşyk ýok. Delegasiýalar eýläk-beýläk gatnaýan-da bolsalar, bu gatnawlar resmi ýagdaýda ýola goýulýar, käte haýsydyr bir žurnalistler-de bolýar. Ýöne meniň pikirime görä, ähli zat Hytaý hökümetiniň gözegçiliginiň astynda.

— Hytaý, sypaýyçylykly aýdanymyzda, dünýäniň gaty bir demokratiýa ornaşan ýurtlaryndan däl. Bu awtoritar düzgünli ýurt. Jahankeşdäniň nazary bilen syn salanyňda gündelik durmuşda syýasy çäklendirmeler duýulýarmy?

— Eger tehnologiki ösüşleri hasaba almasaň, meniň üçin ol ýerdäki ýagdaý hut Sowet Soýuzyndaky ýagdaýa meňzeş göründi. Daglarda internet bar, mobil aragatnaşygy bar. Olar islän zatlaryny okap bilýärler, radio diňläp bilýärler, «Azatlygy» ýa-da «Bi-bi-sini» diňleýärler. “Facebook” ýa-da “Twitter” welin ol ýerde ýok. Milli azlyklar bolan gyrgyzlar, özbekler, uýgurlar, gazaklar üçin telewideniýe bar. Ýöne, elbetde, bu telewideniýeleriň ählisi bek ideologiýa gözegçiliginiň astynda, milli azlyklaryň telewideniýesinde diňe Hytaý döwletiniň pikirleri başga dillere geçirilýäne meňzeýär.

Telewideniýäniň hödürleýän programmalary köplenç halatda medeniýete degişli, hytaý filmleri ýerli halkyň diline geçirilip berilýär. Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýiti syýasy meseleler gozgalmaýar. Sowet Soýuzynyň düzümindekä Gyrgyzystanyň hukugy bardy, ýöne ol diňe kagyz ýüzündedi. Döwlet derejesinde biziň öz ýokary gatlagymyz bardy, öz žurnallarymyz bardy, gazetimiz, telewideniýämiz bardy, ýöne olaryň bary berk gözegçilikdedi. Ine, demirgazyk-günbatar Hytaýda hem hut şunuň ýaly.


Fotosýužet: Sinszýan - häzirki Hytaýyň demirgazyk-günbatar çeti. Onuň ilaty, esasan, uýgurlardan, gazaklardan, pamirlilerden ybarat musulmanlar.

— Milli gatnaşykda Sinszýan Hytaýda iň bir birahat region. Gyrgyz azlygana bölünişik meýli duýulýarmy? Awtonomiýanyň ýokary derejesini gazanyp biljek haýsydyr bir syýasy gurama olarda bardyr öýdüp, pikir edip bolarmy?

— Men gyrgyzlaryň arasynda bölünişik hakda hiç eşidip görmedim. Bu ýagdaý esasan uýgurlara degişli. Gyrgyzlarda ýagdaý başgaça, olar uýgurlaryň arasynda-da, Sinszýanda-da milli azlyk bolup durýarlar. Ýöne olarda nähilidir bir awtonom hukuk bar: hatda gyrgyzlaryň sany az bolan obalarda-da ýerli ýolbaşçylyk orunlarynda olaryň öz wekilleri oturýar. Şol bir wagtyň özünde-de, açyk aýdylmasa-da, Pekiniň «hytaýlaşdyrmak» syýasatynyň netijelerini görüp bolýar. Men Urumçynyň Milli muzeýinde regionyň kartasyny gördüm, ol ýerde Gazagystanyň bir bölegi, demirgazyk Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň bir bölegi kiçijik reňkli çyrajyklar bilen bellenip goýlupdyr. Syýasy meselede hytaýlylar örän inçe hereket edýärler. Mesele hiç wagt resmi ýagdaýda keserdilip goýulmaýar. Olar meseläniň ýitiligini duýýarlar. Ýöne şonda-da olar özleriniň kartada bellän ýerlerini özleriniňki diýip hasaplaýana meňzeýär.

— Sizi Sinszýanda kese ýerli hökmünde nähili garşyladylar? Azatlyk Radiosyny diňleýän, sizi tanaýan adamlar däl-de, beýleki adaty adamlar?

— Men özümi öz halkymyň arasynda ýaly duýdum. Şuňa garamazdan, maňa üns berenlerem tapyldy. Meniň geýnişim olaryňkydan başgaçady. Elimde bolsa kamera bardy. Maňa hytaýça ýüzlenýärdiler. Belki, men hytaýlylara çalarak meňzeşdirin. Meniň gyrgyzça gürläp başlan halatymda welin olar meniň daşyma üýşýärdiler hem-de meni synlap başlaýardylar.

— Janyl, men siziň bu saparyňyz hakdaky bellikleriňizi okadym. Siz özüňiziň Sinszýanda tötänden tanşan ýerli gyzlaryňyza çagalygyňyzdan bäri ýatda galan aýdymlaryňyzy öwredipsiňiz. Gyzlar ol aýdymlary bilmeýän eken. Şol aýdymlary aýdyp bilersiňizmi?

— Hawa, aýdyp bilerin. Bu aýdymy ejem aýdýardy. Olaryň maşgalasy Hytaýyň serhedi bilen çäkleşýän ýerindäki daglarda göç-hä-göçlük edilýärkä şu aýdym aýdylýardy. Ejem şol ýerde önüp-ösüpdi. Bu aýdym gyzlaryň aýdymy, çarwa gyzlarynyň aýdymy.

Çarwa gyzlarynyň aýdymy
XS
SM
MD
LG