Sepleriň elýeterliligi

Gürji suratçysy Orsýetiň haýryna işländigini boýun alýar


Häkimiýetler Moskwanyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanan üç gürjüstanlynyň biriniň güňäsini boýun alýandygyny aýdýarlar. Ol rus agenti diýlip güman edilýän suratçy kärdäşine gizlinlikdäki resmi maglumatlary berendigini tassyk edipdir.

Bu üç fotožurnalist Gürjüstanyň günbatara tarapdar ýolbaşçylary barada gizlin maglumatlary toplamakda we Orsýetiň harby razwedkasyna ibermekde aýyplanýar.

Daşary işler ministrliginiň suratçysy Giorgi Abdaladze özüniň wideo kameranyň öňünde beren görkezmesinde içalylar ýygynçagynyň lideri diýilýän Zurab Kurtsikadzä ýokary derejeli duşuşyk baradaky maglumatlary ýetirendigini aýtdy.

Beýleki bir güman edilýän, prezident Mihail Saakaşwiliniň şahsy suratçysy Irakli Gedenidze bolsa, öz wideo görkezmesinde “Ýewropa Presfoto” agentliginde suratçy bolup işleýän Kurtsikadzäni surat we maglumat bilen üpjün edendigini aýtdy.

Bu suratçylar häzir deslapky tussaghanada saklanýar we günäli tapylsalar, 12 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilmeli.
XS
SM
MD
LG