Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň Merkezi bankynyň başlygy işden boşadyldy


Belarusyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Resmi Belta habar gullugy prezident Aleksandr Lukaşenkonyň Belarusyň Milli bankynyň başlygy Petr Prokopowiçi öz wezipesinden boşatmak baradaky karara gol çekendigini habar berdi.

Aprel aýynda ýüregini operasiýa etdiren Prokopowiç milli banka 1998-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň ýerine kimiň bellenýäni aýdylmady.

Merkezi bank ýurtdaky ykdysady krizis zerarly gaýta-gaýta göterim derejesini ýokarlandyrdy we bu ýagdaý puluň hümmetiniň yzygider aşak gaçmagyna getirdi. Netijede hökümet esasy harytlaryň käbirine nyrh kontrollugyny girizmeli boldy.
XS
SM
MD
LG