Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky premýer Sanader derňew üçin Horwatiýa getirildi


Horwatiýanyň öňki premýer-ministri Iwo Sanader Awstriýadan öz watanyna iberildi. Ol wezipesinden peýdalanmakda we korrupsiýada güman edilýär.

Sanaderiň berk goragly ulagda Sloweniýa bilen araçäkdäki Bregana serhet geçelgesine getirilip, horwat polisiýasyna tabşyrylyşy, soň ol ýerden Zagreb türmesine alnyp gaýdylyşy göni alnyp görkezilen telewizion gepleşiginde halka etirildi.

Sanader Horwatiýanyň talaby boýunça tussag edilenden soň, dekabr aýyndan bäri Salsburgda saklanýardy.

2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli horwat hökümetine ýolbaşçylyk eden Sanader özüniň hiç bir ýalňyş iş etmändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG