Sepleriň elýeterliligi

Moskwada uly terror hüjüminiň öňi alyndy


Orsýetiň uly derejeli howpsuzlyk ofiseri häkimiýetleriň Demirgazyk Kawkazdan gelen dört erkegi tussag edendigini, olaryň Moskwanyň içinde ýa golaýynda «ullakan terror hüjümini» planlaşdyrandygyny aýtdy.

Federal howpsuzlyk gullugynyň direktory Aleksandr Bortnikow prezident Dmitriý Medwedewe FSB-niň birnäçe gün öň terror hüjüminiň öňüni alandygyny aýtdy.

Bortnikow terrorda gümanlanýanlaryň mähelleli ýerleri we transport ulgamlaryny nyşana almagy planlaşdyrandyklaryny, olaryň öýde ýasalan bombalarynyň we beýleki ýaraglarynyň, şeýle-de hüjüm edilmeli ýeriň kartasynyň konfiskasiýa edilendigini gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG