Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Merkezi Aziýanyň neşä garşy göreş inisiatiwasynyň” döredilmegini teklip edýär


Owgan polisiýa işgärleri neşe gaçakçylygyna garşy geçirilen operasiýadan soň tussag edilen jenaýatkärleriň ýanynda, Heart, 2010-nji ýylyň 22-nji marty.
Owgan polisiýa işgärleri neşe gaçakçylygyna garşy geçirilen operasiýadan soň tussag edilen jenaýatkärleriň ýanynda, Heart, 2010-nji ýylyň 22-nji marty.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň halkara neşe we kanuny goraýjy güýçler boýunça kömekçisi William Braunfild ýakynda Merkezi Aziýada saparda boldy. Ol 26-njy iýun bilen 2-nji iýulyň aralygynda geçiren şol saparynyň dowamynda Orsýete, Gazagystana, Gyrgyzystana we Täjigistana baryp, şol ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen degişli meseleler hakda pikir alyşdy.

Şol duşuşyklaryň dowamynda esasanam Owganystanda öndürilýän neşe maddalarynyň Merkezi Aziýanyň üsti bilen amala aşyrylýan gaçakçylygynyň öňüni almak üçin döredilmegi teklip edilýän “Merkezi Aziýanyň neşä garşy göreş inisiatiwasy” barada pikir alşyldy.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy jenap William Braunfild bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Söhbetdeşligimize “Merkezi Aziýanyň neşä garşy göreş boýunça inisiatiwasy” hakdaky sorag bilen başlasym gelýär. Bu başlangyjyň maksady nämeden ybarat? Ol näme üçin häzirki döwürde döredildi? Neşä garşy göreş boýunça häzirki döwürde alnyp barylýan proýektlerden onuň tapawudy nämede?

Ilçi William Braunfild
William Braunfild: Ilki bilen bu inisiatiwanyň döredilişiniň maksatlary, sebäpleri we onuň ähmiýeti barada gürrüň etmäge rugsat ediň. Biz şeýle reallyklar bilen ýüzbe-ýüz. Tutuş dünýä boýunça geroin we neşe önümleriniň esasy çeşmelerinden biri Owganystandadyr we şol maddalar dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky bazarlara hem alnyp gidilýär. Şol neşäniň uly bölegi demirgazykdan, ýagny Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň üsti bilen gaçak ýollar arkaly alnyp gidilýär.

Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlardan soňra bu maddalaryň ep-eslisi Orsýete alnyp barylýar, ol şol ýurtda ulanylýar ýa-da şol ýerden Günbatar Ýewropa we Günorta Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlara alnyp gidilýär. Biz bu mesele boýunça şol bäş ýurdy, Owganystany we Orsýeti biri-birine utgaşdyrar ýaly we neşä garşy alnyp barylýan göreşde bilelikde hereket ediler ýaly inisiatiwanyň döredilmeginiň zerurdygyny pikir edýäris.

Bu maddalar agzalýan inisiatiwamyz boýunça biziň teklibimiziň esasy özenini emele getirýär. Bu barada ähli hökümetleriň öz pikirini aýtmaga mümkinçiligi bolmaly, şonuň üçin biz resmi taýdan häzirlikçe hiç zat teklip etmedik. Biz diňe Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar bilen bir hatarda Orsýetiň we Owganystanyň kanun goraýjy organlarynyň arasynda ynjyk maglumatlary biri-biri bilen paýlaşmak boýunça bir sistemanyň ýola goýulmalydygyny maslahat berdik.

Biz şol inisiatiwanyň maglumatlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada regional merkeziň döredilmegi ýaly bir edara bolup biljekdigini pikir edýäris. Şeýle inisiatiwa olara bir sistemanyň içinde iş alyp barmak boýunça mümkinçilik döreder.

Munuň Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlara ýetirjek peýdasy Owganystanda neşe önümi, onuň gaçakçylygy bilen bagly ynjyk we möhüm maglumatlary almak barada çeşme hökmünde hyzmat etmegidir.

Bu proýektiň Orsýete ýetirjek bähbidi bolsa, şol edaranyň neşe öndürilýän ýurt we tranzit ýurtlar, ýagny Merkezi Aziýada bu ugurda alnyp barylýan tagallalara goşant goşmak boýunça mümkinçilik tapmagydyr. Häzirki döwürde olaryň bu ugurda o diýen mümkinçiligi ýok.

Agzalýan proýekt täze we bu biziň hödürleýän teklibimizdir. Häzirki döwürde munuň ýaly bir sistema ýok. Biziň nukdaýnazarymyzdan aýdylanda, onuň gowy tarapy – häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlyklary üýtgetmezligidir. Bu inisiatiwanyň durmuşa geçirilmegi täze guramanyň döredilmegini talap edenok. Eger käbir ýurtlar muňa goşulmaga taýyn bolmasalar, bu teklip ilki başda iki ýurduň gatnaşmagy bilen hem başlanyp bilner. Biziň teklibimiz şundan ybaratdyr.

Azatlyk Radiosy: Bu planyň durmuşa geçirilmeginde ABŞ-nyň nähili roly bolar?

William Braunfild: Biziň rolumyzyň özeni häzirki döwürde Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bilen harbylarymyzyň arasyndaky ilteşik bilen baglydyr. Biziň geljekde bolaýmagy mümkin hyzmatdaşlarymyza berjek maslahatymyz şondan ybarat. “Owganystan bilen bagly ynjyk we peýdaly maglumatlary diňe biz berip bileris”.

Owganystanyň özi hem neşä garşy göreş boýunça ençeme topar döretdi, olar bu ugurda ençeme operasiýalar hem geçirdiler. Olar ABŞ-nyň kanun goraýjy güýçleri bilen juda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Biziň teklip edýän zadymyz: owganlylar tarapyndan ele salnan şol maglumatlary Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlara ýetiriler ýaly bir mehanizmiň döredilmegidir. Siz bu inisiatiwada biziň esasy roly oýnamaýandygymyzy aýdyp bilersiňiz. Eger şeýle pikir edýän bolsaňyz, onda meniň size berjek soragym: şeýle mehanizm şu güne çenli näme üçin döredilmedi?

Häzirki döwürde ýagdaýa seredeniňde, Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurduň, Owganystanyň we Orsýetiň hökümetleriniň we howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýeterlik derejede ynamyň ýokdugyny aýtsa bolar. Şol ynamy döreder ýaly mehanizm bolmasa, logiki taýdan aýdylanda, olaryň arasynda hyzmatdaşlygyň başlanjakdygyny aýtmak gaty kyn.

Azatlyk Radiosy: Siz öz saparyňyzyň dowamynda ýerli ýolbaşçylar bilen duşuşdyňyz, ABŞ-nyň harbylarynyň Owganystany terk etmeginiň, şol region arkaly amala aşyrylýan neşe söwdasynyň artmagyna sebäp bolup biljekdigini aýdyp bolarmy? Merkezi Aziýada bu barada alada galýan resmilere duş geldiňizmi?

William Braunfild: Meniň ejem mundan 40 ýyl ozal özara söhbetdeşlikde aýdylan zatlar hakda halk köpçüliginiň arasynda gürrüň etme diýipdi. Elbetde, men şol ýolbaşçylar bilen bolan söhbetdeşliklerim hakda gürrüň edip biljek däl. Emma soňky ýyllarda amala aşyran saparlarymyň dowamynda amerikan harbylarynyň bu ýurtdan çykarylmagynyň Owganystanda neşe önüminiň artmagyna we onuň Merkezi Aziýa arkaly amala aşyrylýan gaçakçylygyna itergi berjekdigi barada umumy ýagdaýda alada bildirilýändigini aýtsa bolar.

Meniň bu barada şeýle pikiri orta atasym gelýär. Ilki bilen şeýle alada regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda informasiýany paýlaşmak boýunça bir mehanizmiň bolmalydygy baradaky pikiri hasam güýçlendirýär.

Ikinjiden, ýagdaý gowluga tarap barýar, meselem, soňky ençeme ýylyň dowamynda Owganystanda öndürilýän neşäniň möçberine seredilende, onuň barha azalýanlygyna göz ýetirersiňiz. Mundan iki ýyl ozal Owganystanyň Gandagar we Gilmend welaýatlary neşe önümçiliginiň merkezi diýlip hasaplanýardy. Emma bu mesele boýunça pozitiw ösüş bar. Bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýanlygyny çak edýärin.

Meniň pikirimçe, halkara harbylarynyň Owganystandan yza çekilip başlamagy bilen Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň ukybynyň we halkara jemgyýetçiliginiň olara bolan goldawynyň barha güýçlenýänligine göz ýetireris.

Eger ýatladyp geçsem, Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine edilýän kömegi kesmek barada hiç hili plan ýok. Göz öňünde tutulýan zat, diňe biziň Owganystanda ýerleşýän harby güýçlerimiziň sanynyň azaldylmagydyr.

Azatlyk Radiosy: Jenap Braunfild, ýakynda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň dogany Ahmad Wali Karzaý öldürildi. Onuň ölümi neşe gaçakçylygyna näderejede täsirini ýetirip biler?

William Braunfild: Biz onuň ölümine gaty gynandyk. Belki habaryňyz bardyr, onuň ölümi bilen bagly ähli amerikan ilatynyň adyndan gynanjyny bildirmek üçin ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama prezident Karzaýa jaň etdi.

Emma esasy mesele haýsydyr bir syýasy ýolbaşçynyň ölüminden soňra sistemanyň dowam etmegi üçin institutlaryň we hökümet edaralarynyň güýji we ukyby ýeterlikmi diýlen meseledir. Men edaralaryň şeýle ýagdaýdan özüni alyp çykmaga ukybynyň bardygyna ynanýaryn.

Mundan 10 ýyl öňki ýagdaýy bilen deňeşdirilende Owganystan häzirki döwürde has güýçli, has durnukly we onuň howpsuzlyk ýagdaýlary has amatly. Elbetde, prezident Karzaýyň doganynyň ölüminden peýdalanmak isleýän adamlaryň tapyljakdygyna şübhe ýok.
XS
SM
MD
LG