Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Abadan: ýitgileriň öwezini nädip dolup bolar?


Ýerli graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow (ortada) Garadaşaýak obasynda, 8-nji iýul.

Ýerli graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow (ortada) Garadaşaýak obasynda, 8-nji iýul.

Tehnogen hadysalaryň we hatda tebigy betbagytçylyklaryň weýrançylykly netijelerini resmi derejede ýaşyrmaklyk ýapyk režimlere mahsus syýasat hasaplanýar.

Türkmenistan öz döwründe Sowet Soýuzy tarapyndan ulanylan bu syýasaty garaşsyzlyk ýyllarynda hem giňden ulanyp geldi. Emma türkmen hökümeti 7-nji iýulda Abadan şäheriniň harby gorhanasynda bolan partlamany adatdan daşary ýagdaý diýip atlandyrdy we käbir ýitgileri boýun alyp, ýitgi çekenlere kompensasiýalaryň tölenjegini wada berdi.

Emma hökümetiň bu wadasynda tapylmagy üçin, heläkçiligiň hakyky möçberi anyklanyp, resmi derejede boýun alynmagynyň zerurdygyna synçylar ünsi çekýärler.

Abadanyň harby ammarlarynda partlamalar ýüze çykaly bäri ikinji hepde geçip barýar. Ýerli ýaşaýjylar, garaşsyz synçylar şu günki gün bu ýerde weýran bolan jaýlary dikeltmek boýunça käbir işleriň alnyp barylýanlygyny gürrüň berýärler.

Abadan şäheriniň golaýyndaky Güneş posýologynynyň şu günki ýagdaýy barada türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Şol wakanyň bolanlygyny ýatladyp duran 10-12 sany jaýy gördüm, olaram doly ýok bolmadyk, üçeklerinde döwlen-yenjilen şiferleri bar bolan jaýlar. Onsoň üçeginde döwlen şiferleriň çalşyrylan ýeri görünýän bir topar jaýlar bar”.

Bugaýewiň aýtmagyna görä, şäherçäniň günorta böleginde harbylaryň çadrlary dikilipdir: “Ol ýerde harbylaryň girip-çykýanlygy, naharlanýandygy görünýär. Ýerli adamlar şol esgerleriň gurluşykçylar bilen bilelikde zeper ýeten jaýlary bejermäge kömek edýändiklerini aýtdylar. Men gunortan posýologyň içinde aýlanamda, iki jaýyň günbatar tarapynda 6-7 sany şiferini adamlaryň özleriniň çalşyryp duranlygyny hem gördüm”.

Maglumat çäkliligi

Emma Abadandaky dikeldiş işleri barada Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda habar berilmeýär. Türkmen häkimiýetleri partlamanyň şähere we ilata ýetiren zeperiniň möçberi barada hem dymýar.

Türkmen hökümeti Abadandaky partlamalary adatdan daşary ýagdaý diýip atlandyran hem bolsa, ýurtda heläk bolanlaryň hatyrasyna resmi derejede ýas güni yglan edilmedi. Partlamada heläk bolanlaryň sany 15 adam diýip, 10-njy iýulda berlen resmi sanlardan soň türkmen metbugaty prezidentiň adyna daşary ýurtlardan gowşan gynanç hatlarynyň mazmunyny çap etmek bilen meşgullandy. Emma Abadan temasy mundan artyk agzalmady.

Häzirki wagtda Abadandaky dikeldiş işler barada resmi derejede habar berilmese-de, bu işleriň alnyp barylmagyna käbir synçylar pozitiw özgeriş hökmünde garaýarlar. Olar şeýle-de adam heläkçiligine getiren partlamalaryň häkimiýetler tarapyndan doly bolmasa-da, boýun alynmagyny hem makullaýarlar.

Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow şeýle diýýär: “Şu gezekki boýun almanyň ilkinji boýun alynmadygyny bellemeli. Bu mejbury boýun alma hadysanyň adam pidalaryna, ýumrulyşyklara getirenligini doly bolmasa-da ykrar etdi”.

Näme sebäpden dymylýar?

Emma hökümetiň partlamalar, olaryň netijesindäki ýagdaýlar, partlamalarda heläk bolanlaryň, ýaralananlaryň, ýakyn hossarlaryny ýitirip, ýa öýsüz galyp ejir çekýänleriň ykbaly barada dymmagynyň türkmen ýolbaşçylarynyň halkyň gynanjyna ähmiýet bermeýänligi barada pikir döredýär diýip, Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlarda nygtalýar.

Orta atylýan pikirlere görä, hökümetiň partlamalaryň ýetiren zyýany barada dymmagy häkimiýetler tarapyndan ilata zerur we degerli kömegiň berilmegini we kompensasiýalaryň tölenmegini kynlaşdyrýar. Ýogsa, 10-njy iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ejir çekenlere kompensasiýa beriljegini yglan edipdi.

Graždan aktiwisti Nurmämmedow heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň sany anyklanyp, resmi derejede tassyklanmadyk ýagdaýynda ýitgileriň öwezini dolmak üçin kompensasiýalaryň beriljegine garaşyp bolmaýanlygyny belleýär.

“Adalat bolanlygynda, ejir çekenlere ähli ýitgileri üçin, şol sanda ýitiren hossarlary, ekleýjileri, çagalary, ýanýoldaşlary üçin garaşsyz monitoring esasynda döwlet tarapyndan degerli kompensasiýa tölenmeli. Şeýle iş döwletiň adamkärçilige tarap äden hakyky ädimi bolardy” diýip, Nurmämmedow aýdýar.

Nurmämmedow Abadan wakalary barada häkimiýetler dymýan bolsalar, hakykaty paş etmek işini halkyň özi ýerine ýetirmeli diýip, hasap edýär. Onuň pikirine görä, bolup geçýän ýagdaýlary mümkin boldugyndan köpçülige ýetirmek ugrunda her kim öz tarapyndan hereket etse, Abadan wakalary barada has giňişleýin maglumatyň berilmegi hakykatyň üstün çykmagyna we il bähbidiniň goralmagyna ýol açar.

Abadandaky partlamalar bilen baglylykda ýörite döredilen hökümet komissiýasynyň 10-njy iýulda geçirilen maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň mälim etmegine görä, Türkmenistanyň häzirki ykdysady kuwwaty ýurduň ilatynyň abadançylygyna degişli islendik meseleleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär. Bu Abadandaky hadysalarda ejir çekenleriň hemmesine degişli.
XS
SM
MD
LG