Sepleriň elýeterliligi

Media läheňi Mördok britan parlamentinde sorag edilýär




“News Corporation” kompaniýasynyň başlygy Rupert Mördok we onuň ogly Jeýms telefon ýazgylaryny bikanun diňlemek boýunça dörän galmagal sebäpli britan parlamentinde sorag edilýärler.

Bu diňlenişikde Mördok şeýle çykyş etdi: “Men diňe bir sözlem aýtjak: bu durmuşymdaky iň ejiz günümdir”.

Polisiýa ýakyn wagta çenli Mördogyň eýeçiliginde bolan we häzir çykmasy ýatyrylan “News of the World” gazetiniň ýüzlerçe saýlama alymyň, syýasatçylaryň, basdaş žurnalistleriň, merhum britan esgerleriniň we öldürilen ýetginjegiň telefonlaryndaky ses ýazgylarynyň bikanun diňlenişi boýunça derňew geçirýär.
XS
SM
MD
LG