Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew “gizlinlikde” saglygyna seretdirýär diýilýär


Germaniýanyň “Bild” neşiriniň berýän maglumatyna görä, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Germaniýada ýerleşýän keselhana barypdyr. Onuň näme sebäpden keselhana barandygy belli däl.

“Bildiň” bellemegine görä, 71 ýaşly Nazarbaýew “gizlinlikde” barlag geçmek üçin Hamburg-Eppendorf merkezi medisina uniwersitetine barypdyr. Onuň keselhana barmagyna Germaniýanyň daşary işler ministri araçy bolupdyr.

AFP gullugynyň habarçysy bu mesele boýunça Germaniýanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşanda, ministrlik Nazarbaýewiň Gamburgdadygyndan bihabardygyny aýdypdyr.

Keselhananyň metbugat wekili Kristian Kreher kommentariý bermekden saklandy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Nazarbaýewiň “häzir dynç alyşdadygyny” aýtdy. Emma ministrlik onuň nirededigi barada takyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG