Sepleriň elýeterliligi

Belarus radiosynda senzura güýçlendirilýär


Belarusdan gowuşýan maglumata görä, ýurduň hökümeti radioda berilýän käbir dissident mazmunly belli rus aýdymlarynyň efire berilmegine gadaganlyk girizipdir.

Häzir Belarusda prezident Aleksandr Lukaşenkonyň režimine garşy protestler geçirilýär.

Habarçylaryň maglumatyna laýyklykda, soňky hepdeleriň dowamynda käbir aýdymlar ýurduň radio tolkunlarynda berilmändir.

Belarusyň radio işgärleriniň aýtmagyna görä, olara hökümet resmilerinden jaň edilip, käbir aýdymlaryň efirde berilmeli däldigi aýdylypdyr.

Gadgan edilen aýdymçylaryň arasynda Lýapis Trubeskop, Ýuriý Şewçuk we Andreý Makarewiç dagy hem bar.
XS
SM
MD
LG