Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda sekiz sany gumanitar işgär ogurlandy


Pakistanda ýaragly hüjümçiler ýurtda iş alyp barýan sekiz sany gumanitar işgäri ogurladylar.

Resmileriň maglumatyna görä, gumanitar işgärler Balujistan welaýatynyň Surhab regionynda owgan bosgunlaryna azyk paýlap ýören wagtlary alnyp gaçylypdyr.

Ogurlanan gumanitar işgärler hökümete degişli bolmadyk “Amerikanyň bosgunlar boýunça komiteti” atly haýyr-yhsan guramasynyň ýerli işgärleri.

Balujistan ençeme ýyllardan bäri separatistleriň giň ýaýran sebitidir. Ýörite maksat bilen adam ogurlanmalary hem bu ýerde adaty ýagdaýdyr.
XS
SM
MD
LG