Sepleriň elýeterliligi

Owgan güýçleri Lagman welaýatynda howpsuzlygy öz eline alýar


Halkara koalisiýasynyň bir resmisi owgan güýçleriniň gündogarda bir welaýatyň howpsuzlyk jogapkärçiligini öz üstlerine alandyklaryny aýtdy.

Owganystandaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleriniň komandiriniň orunbasary, general Jeýms Baknal Mehterlamda, Lagman welaýatynyň paýtagtynda howpsuzlyk jogapkärçiliginiň owgan güýçlerine tabşyrylmagy pitneçilere Owganystanda öňgidişligiň amala aşýandygy barada berlen berk yşarat diýdi.

Mehterlam şu aýda owgan güýçlerine howpsuzlyk jogapkärçliginiň tabşyrylmaly ýedi ýeriniň biridir.
XS
SM
MD
LG