Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FDB: Pakistan içalylary ABŞ-a täsir etmek üçin millionlap dollar harçlady


Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti Pakistanyň aňtaw gullugynyň Waşingtonda girdeji üçin işlemeýän bir topara Kongrese hem Ak Tama täsir ýetirmek üçin ýyllar boýy millionlap dollar geçirendigini aýtdy.

Bu habar Federal derňew býurosynyň agentleri Kaşmir amerikan geňeşiniň başlygyny tussag edip, ony daşary ýurduň hasaba alynmadyk agenti hökmünde aýyplanlaryndan soň ýaýrady.

Prokurorlar ol adamyň Pakistanyň aňtaw gullugynyň gözegçiliginde işländigini we Kongrese täsir ýetirmäge hem-de Ak Tam we Döwlet departamenti bilen aragatnaşyk gurmaga çalşandygyny aýdýarlar.

Pakistanyň Waşingtondaky ilçihanasy bu zatlardan habarlydygyny ret etdi.
XS
SM
MD
LG